COVID-19 pandemiýasy döwründe durnukly ykdysady ösüş

Onlaýn görnüşde bir tarapdan, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we Merkezi bankynyň wekilleriniň hem-de beýleki tarapdan, Bütindünýä bankynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen maslahat СOVID-19 pandemiýasy döwründe kärhanalary goldamak babatda hökümet syýasatyna bagyşlandy.

Esasy halkara maliýe-bank düzümleri bilen hyzmatdaşlyk milli Liderimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ony toplumlaýyn sanly ulgama geçirmek boýunça amala aşyrylýan strategiýanyň netijesinde, bu köpýyllyk hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Ykdysadyýetiň sanly ulgama geçirilmegi Türkmenistanyň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna ýardam edýär.

Wideoduşuşygyň gün tertibine СOVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmegiň çäreleriniň çäklerinde Ýewropada we Merkezi Aziýada kärhanalaryň durnuklylygyny pugtalandyrmak hem-de olara ýardam bermek meseleleri girizildi. Oňa gatnaşyjylara Bütindünýä bankynyň degişli tanyşdyryş çäresi hödürlenildi.

Pandemiýa garşy göreşmek we onuň netijelerini azaltmak hem-de aradan aýyrmak boýunça ädilýän ädimler işiň täze görnüşlerini we usullaryny gözlemek bilen utgaşdyrylmalydyr. Işiň şol usullary ähli döwletlere milli maliýe-ykdysady ulgamlaryň hem-de tutuş ählumumy ykdysadyýetiň işini kadaly ýagdaýda saklamaga mümkinçilik bermelidir.

Munuň üçin halkara bileleşiginde tagallalaryň ýokary derejesini üpjün etmek, özara gatnaşyklaryň täze usullaryny işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Sebit hem-de dünýä möçberinde ykdysady işiň häzirki we geljekki durnuklylygy hem köp babatda şuňa baglydyr.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ählumumy çökgünligiň milli ykdysadyýete ýaramaz täsirine garşy durmak boýunça giň möçberli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek. Şolar milli ykdysadyýetiň bolup geçýän özgerişliklere uýgunlaşmagyny hem-de daşarky ýagdaýlar bilen şertlendirilen töwekgelçilikleriň azaldylmagyny üpjün edýär.

Pikir alyşmalaryň barşynda duşuşyga gatnaşyjylar özara peýdaly gatnaşyklaryň tejribesini dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Munuň özi netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam eder.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

BMG Türkmenistanyň raýatsyzlygy aradan aýyrmak işine ýokary baha berdi

Ata Watan Eserleri

«ADIPEC-2024» halkara sergide we konferensiýada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy tanyşdyryldy

ITTC-2024: ulag we logistika pudagynda global hyzmatdaşlyk üçin möhüm meýdança

Si Szinpin we Jo Baýden “G20” sammitine gatnaşar

Abu-Dabide Türkmenistanyň söwda we maýa goýum mümkinçilikleri tanyşdyryldy

“Daýhanbank”: “Talyp karzy” we “Toý karzy” hyzmatyny hödürleýär

Ynsan saglygy – ýurdumyzyň baýlygy

Türkmenistan raýatsyzlygyň soňuna çykmakda öňdebaryjy ýurt

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň kömekçisi bilen duşuşyk geçirildi

FIFA-nyň ýolbaşçysy Guwançmuhammet Öwekowy gutlady

Magtymguly Pyragynyň doglan gününe bagyşlanan konsert

Dünýäniň iň owadan pişigi Norwegiýada saýlandy

Ýaşlaryň bilimini ösdürmekde dil biliminiň orny

“Gorkut ata” kinofestiwaly: görkeziljek filmleriň sanawy

Ata Watan Eserleri

Guwançmuhammet Öwekow Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy wezipesine saýlandy

Aşgabatda Eýranyň “Iran Agro Food” sergisi geçiriler

Ispaniýa Türkmenistan bilen söwda hyzmatdaşlygyna gyzyklanma bildriýär

Stambulda 2024-nji ýylyň noýabrynda iň uly halal sergisi açylar

“QS World University Rankings 2025”: dünýäniň öňdebayrjy uniwersitetleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri