TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Covid-19” -ny ýok edýän enjam öndürildi

ABŞ-da ýerleşýän “Dynamics” elektronika kompaniýasy mikroblary özüne siňdirýän we ýokary güýçli ultramelewşe şöhlesi bilen wirusy ýok edýän maşyn öndürendigini habar berdi. “Nanowave” diýlip atlandyrylýan bu tehnologiýa, bir sekuntdan hem gysga wagtda daşky gurşawdaky wirusyň 99 göterimini ýok edip biler.

Bütin dünýä täsir edýän pandemiýa elektronika kompaniýalary üçin innowasion tehnologiýalara çözgüt tapmaga synanyşýar. ABŞ-da ýerleşýän “Dynamics” kompaniýasy içerde wirusy ýok edýän maşyny oýlap tapdy. Enjam 3 metr uzaklyk aralykdaky wiruslary ýok etmäge ukyplydyr.

300 litr howany siňdirýän we arassa howany çykarýan “Nanowave”-iň wirusy ýok etmekde 99 göterim täsir edýändigi mälim edildi.

Tehas uniwersitetiniň lukmançylyk bölümi we Kolorado ştat uniwersiteti tarapyndan taýýarlanan enjam alymlar tarapyndan geçirilen laboratoriýa synaglaryda  “Nanowave” tehnologiýasynyň  99,99907 göterim wirusa garşy täsir edýändigi ylmy taýdan yglan edildi.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Tranzit Wizasy üçin Zerur Resminamalaryň Sanawy

Baş Redaktor

Niderlandlar syýahatçylar üçin gapylaryny doly açdy

Özbegistan 7 million syýahatçy kabul etmekçi

Teswirle