TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

COVID-19: köp ýurt çäklendirmeleri ýatyrýar

Köpçülikleýin sanjymyň artmagy bilen dünýäniň köp ýurdunda COVID-19 ýokanjyna garşy çäklendirmeleri ýatyrýar, käbir ýurtda bu çäklendirmeler gowşadylýar.

  • Ýewropa ýurtlarynyň köpüsinde sanjymlaryň ýokary depgini we “Omikron” görnüşiniň ýeňil alamatlary sebäpli öňüni alyş çärelerini gowşatmaga başlady.
  • Ýewropada ilkinji bolup, Daniýada ähli çäklendirmeler ýatyryldy.
  • Şwesiýanyň jemgyýetçilik saglyk gullugy 9-njy fewralda COVID-19 bilen bagly ähli çäklendirmeleri ýatyrdy we COVID-19 üçin barlag synagyny geçirmegi hem tamamlady.
  • Finlýandiýanyň Premýer-ministri Sanna Marin ýurtda COVID-19 çäklendirmeleriniň 14-nji fewralda gowşadyljakdygyny we 1-nji martdan başlap ýatyryljakdygyny aýtdy.
  • Angliýada galan ähli COVID-19 çäklendirmeleri, şol sanda ýokaşan ýagdaýynda izolýasiýa edilmegi hem şu aýda ýatyrmagy meýilleşdirýär.
  • Italiýanyň Saglygy goraýyş ministrligi 11-nji fewralda ýurduň köp adamly däl ýerlerinde agyz-burun örtügini ulanmak talabyny ýatyrmak kararyna geldi.
  • Ispaniýa COVID-19 wirusynda soňky iki hepdede keselleriň sanynyň azalmagy bilen çäklendirmeleri gowşatdy.
  • Fewral aýynda Awstriýada koronawirus çäklendirmeleri kem-kemden aýrylar.
  • Awstriýada başlangyç mekdeplerde ulanylýan örtük dakynmak ​​talaplary 14-nji fewralda ýatyrmak kararyna gelen hökümet, örtük dakynmak ​​talaplaryny mart aýyna çenli tutuş bilim ulgamynda aýyrmagy meýilleşdirýär.
  • Çehiýada 1-nji martdan başlap, agyz-burun örtük ​​talaplaryndan başga öňüni alyş çäreleriň köpüsini aýyrmak kararyna gelindi.
  • Azerbaýjanda mundan ozal 2 hepde bolan karantin döwri 1 hepdä çenli azaldyldy.
  • Gruziýada “ýaşyl pasport” döwri 1-nji fewraldan ýatyryldy.
  • Gazagystanyň ykdysadyýetini dikeltmek üçin COVID-19-a garşy karantin çäreleri ýuwaş-ýuwaşdan gowşadylýar. Hökümet myhmanhanalara, howa menzillerine, demir ýol we awtoulag ýollaryna, poçta bölümlerine, banklara we ýapyk bazar ýerlerine, şeýle hem ýurtdaky gözellik we SPA salonlaryna girmek baradaky çäklendirmeleri ýatyrdy we kafeleriň we restoranlaryň iş sagatlary uzaldyldy.
  • Özbegistanda COVID-19 keseliniň soňky döwürde azalmagy sebäpli 7-nji fewralda mekdeplerde ýüzbe-ýüz bilim täzeden başlandy.

Norwegiýa ähli çäklendirmeleri ýatyrdy

 

Ýene-de okaň

Biletler Stambulda satylyp başlandy

Türkmenistandan Türkiýä adaty uçar gatnawlary başlaýar

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamyna bagyşlanan halkara forum

Teswirle