TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Kiçi we orta telekeçilige 10 million dollarlyk maliýe goldawy: COVID-19

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde halkara we sebit maliýe düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga, ýerli haryt öndürijileri goldamak boýunça berlen tabşyryklar barada hasabat berildi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasyndan (IСD) COVID-19 pandemiýasy döwründe ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin 10 million amerikan dollary möçberinde maliýe serişdelerini bermek baradaky teklibini hödürledi.

Bu maliýe serişdelerini Döwlet Daşary ykdysady iş bankynyň üsti bilen hususy ulgamyň taslamalaryny maliýeleşdirmäge gönükdirmek, hususan-da ýurdumyzyň kiçi we orta telekeçiligini işjeňligini ösdürmek, olaryň öndürýän harytlarynyň görnüşlerini hem-de mukdaryny köpeltmek, daşary ýurt bazarlarynda bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak hem-de goşmaça iş orunlaryny döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini hem-de eksportuny ugurly harytlary artdyrmak bilen bagly ugurlara gönükdirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, hödürlenen teklibi makullap, hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasy tarapyndan berilýän maliýe serişdeleriniň maksadalaýyk ulanmak baradaky meseläni berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Internete birikmezden (offline ) habarlary okamak: Saýlamak mümkinçiligi

Applikasiýamyz offline işleýär we Siz internete birikmedik wagtyňyz hem Ata Watan habarlaryny okap bilersiňiz! Şeýle hem  islän habaryňyz boýunça Size hususy bildiriş gelmegini sazlap bilersiňiz!  Siz “sada görnüşi” saýlap WIFI ulgamyna birikmedik wagtyňyz mobil internetiňizi tygşytlap bilersiňiz! Ine biziň täze applikasiýamyzyň esasy aýratynlyklarynyň käbirleri!

Applikasiýamyzy indirip alyň

Siz “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com    saýtynyň  täzelenen applikasiýasyny  öz mobil telefonyňyza indirip almak isleseňiz şu ýere basyň!  Applikasiýany ýüklemek üçin şeýle hem  Google Play-dan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp gözleg edip bilersiňiz!  Aşakdaky suratyň üstüne basmak bilen Applikasiýany ýüklemek mümkin! Applikasiýamyzy indiriň we aşakda sanaýan aýratynlyklarymyzy halajakdyňyza ynanýarys!

Ýene-de okaň

Çawuşogly: Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklarymyzy ösdüreris

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan demirýol ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürýär

100 milliard dollar ýitiren ilkinji adam

Teswirle