TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

COVID-19 döwründe maliýeleşdirmek boýunça ýygnak

2020-nji ýylyň 28-nji maýynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly COVID-19 ýokanç keseliniň ýaýraýan döwründäki we ondan soňky ählumumy ösüşi  maliýeleşdirmek meseleleri boýunça ýokary derejeli maslahat geçirildi.

Maslahata BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş, Kanadanyň Premýer-ministri Jastin Trýudo, Ýamaýkanyň Premýer-ministri Endrýu Holness tarapyndan guraldy. Çärä BMG agza döwletleriň wekiliýetleri gatnaşdylar. Türkmen tarapyndan maslahata Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri E.Annamuhammedow gatnaşdy.

Maslahat 3 bölümden ybarat boldy. Birinjisi – ýokary derejeli bölüm bolup, onda döwlet hem-de hökümet baştutanlary dünýäniň ykdysady çökgünligini hem-de ilatyň has ejiz gatlaklaryna onuň ýaramaz netijeleriniň ýetirilmegini ýeňip geçmek üçin global çözgütleriň durmuşa geçirilmegine aýgytly ýardam bermek boýunça özleriniň taýýarlyklaryny beýan etdiler. Ikinjisi – düzüminde halkara edaralarynyň ýolbaşçylary bolan ýokary derejeli toparyň mejlisi. Üçünjisi bolsa – döwlet hem-de hökümet baştutanlarynyň we hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda çäreleri görmek meseleleri boýunça ýokary derejeli bölüm.

Ösüş ulgamynda we ondan soňky döwürde COVID-19 tarapyndan ýüze çykarylan adatdan daşary ýagdaýlaryň dowamyndaky takyk maliýe çözgütleri, bu adatdan daşary ýagdaýlaryň garşysyna göreşmek we ondan soňky döwürde dikeltmek boýunça çäreleri kabul etmegiň çäklerinde hemmetaraplaýyn goldaw bermek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri oktýabr aýynda duşuşarlar

BMG-niň Baş Sekretary Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady

Türkmenistanda Garaşsyzlyk baýramy: Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagy

Teswirle