TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

COVID-19 barada biz nämeleri bilýäris?

Keseliň gizlin döwri döwri (inkubasion döwri) 1-14 gün (ortaça 5-6 gün);

COVID-19 keseli koronowirus bilen infisirlenen adamdan gürleşende, üsgürende, asgyranda onuň burnundan we agzyndan bölünip çykýan maýdajyk damjalaryň üsti bilen geçýär.  COVID-19 keseli adama näsag adamyň dem alyş ýollarynyndan bölünip çykan damjalary özünde saklaýan howadan hem adama ýokuşyp biler.  Şonuň üçin hem näsag adamdan azyndan 1 metr daşlykda saklanmaly.

Näsag adamlardan bölünip çykan  damjalar onuň töweregindäki predmetleriň we üstleriň, mysal üçin: stoluň üstüne, gapynyň tutawajyna we beýleki ýerlere düşüp biler. Netijede, töwerekdäkiler bu predmetlere, üstlere elini degrip, soňra bolsa agzyna, gözüne ýa-da burnuna degren ýagdaýlarynda hem keselläp bilerler. Şonuň üçin elleri sabynlap ýuwmaklyk ýa-da antiseptiki serişdeler bilen zyýansyzlandyrmagyň ähmiýeti uludyr.

Adama bu keseliň kesel alamatsyz geçän wirusynyň ýokuşmagynyň mümkindigi barada hem käbir maglumatlar bar. Olaryň nähili ýygylykda geçýändigi  entäk belli däl. Häzirki wagtda bu mesele Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan öwrenilýär.

Häzirki wagtda bu keseli bejermek we onuň öňüni almak üçin ýörite sanjym serişdelerini işläp taýýarlamak işleri dünýäniň alymlary tarapyndan amala aşyrylýar.

Epidemiologiki häsiýetleri

Keseliň çeşmesi: näsag adam bolup durýar (şol sanda keseliň gizlin döwründe hem).

Keseliň geçiş ýollary: howa-damja, howa-tozan we galtaşyk ýoly bilen.

Esasy geçiş ýoly howa-damja ýoly, näsag üsgürende, asgyranda, we golaý aralykda durup gürleşilende bolup geçýär.

Galtaşyk ýoly, kesel ýokuşan adam bilen elleşip salamlaşylanda, şeýle hem wirus bilen hapalanan iýmit önümleriniň, üstleriň we predmetleriň üsti bilen geçýär.

Çeşme : http://saglykhm.gov.tm

Hormatly okyjylar!

Aşakda ýerleşdirilen habarlar hem Siziň ünsiňiz çekip biler, şol sebäpli gök bilen ýazylan habarlary hem okamagy Size maslahat berýäris!

Koronawirus ýokanjy (COVID-19) näme?

COVID 19 haýsy üstlerde näçe wagt saklanýar?

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi: Maska dakmak we howpsuz aralygy saklamak

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bildirişi

Otly gatnawlary wagtlaýyn duruzulýar

Türkiye-Türkmenistan uçuşlar başlıyor mu?’

Türkmenistan-Türkiýe uçuşlary haçan başlaýar

«Altyn asyr» Gündogar bazarynyň işi wagtlaýyn çäklendirilýär

Türkmenistan: Koronawirusyň täze görnüşiniň pandemiýasy

Ukraina Türkmenistan bilen howa gatnawlaryny dikeltmäge ymtylýar

Wirusa garşy derman serişdeleri satyn alynar

Пресс-Релиз :Коронавирус

Lukmançylyk agyz-burun örtüklerini (maska) ullanmak

COVID19 : Aşgabatda BSGG-nyň ÝSE-nyň wekiliýeti bilen gepleşikler

Immuniteti ýokarlandyrmagyň tebigy usullary

Ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak

Ýene-de okaň

«Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenistana uçar gatnawlaryny artdyrdy

Şäherara awtobus petekleriniň onlaýn satuwy

Daşoguzda täze saglyk öýi açyldy

Teswirle