TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

COVID-19: amerikaly milliarderleriň baýlygy artdy

Koronawirus (COVID-19) ýokanjynyň dowam edýän döwründe ABŞ-nyň milliarderleri öz baýlyklaryna has-da artdyrdylar. ABŞ-nyň “Americans for Tax Fairness” guramasynyň maglumat bermegine görä, epidemiýa döwründen başlap, dekabr aýyna çenli 651 sany amerikan milliarderiniň baýlygy 1 trillion dollar artyp, jemi 4 trillion dollara barabar bolupdyr.

Has takyk ýagdaýda düşündirenimizde, amerikaly milliarderleriň baýlygy 2020-nji ýylyň 18-nji martynda 2,95 trillion dollar bolupdyr. Ýurtda epidemiýa sebäpli çäklendirmeler girizilenden soňra, olaryň baýlygy 36% göterim ýokarlanypdyr. 2020-nji ýylyň 7-nji dekabryna çenli 4,01 trillion dollara ýetipdir. Milliarderleriň baýlygy boýunça iň gowy 10-ga giren adamlaryň baýlygy 1 trillion dollar bolup durýar. Bu 651 sany milliarderiň umumy baýlygy, ABŞ-nyň ilatynyň 165 million pes girdejili adamlaryndan iki esse köp bolup durýar. Bu netije barada “Americans for Tax Fairness” guramasynyň iş dolandyryjysy Frenk Klemente öz beýanatynda şeýle belleýär:

“Pandemiýa döwründe milliarderleriň baýlygy artmagy bilen bu milliarderler her bir erkek, zenan ýa-da çaga  3000 dollar sylag berip bilerler” diýýär.

Hususan-da tehnologiýa, elektron söwdasy we öz özüni dolandyrýan tehnologiýalaryny öndürýän kompaniýalaryň baýlygy ep-esli artdy diýip, “Bloomberg Billionaires Index” habar berýär. Olaryň biri hem geçen ýylyň dekabr aýyndan öz baýlygyny artdyran “Tesla, Space X we Neuralink” kompaniýalaryň ýolbaşçysy Ilon Mask bolup durýar. Ol özüniň baýlygyny 127 milliard dollardan, 155 milliard dollara çenli ýokarlandyrdy.

Dünýäniň iň baý adamy hasaplanýan “Amazon”  kompaniýasynyň eýesi Jeff Bezosyň baýlygyny takmynan 73 milliard dollardan 188 milliard dollara çenli artypdyr.

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

 

Ýene-de okaň

Dizel ýangyjyna we nebit ýol bitumyna isleg bildirildi

Döwlet býujeti: çykdajylaryň 75 göterim durmuş ulgamyna gönükdiriler

Internet paketleriniň täze nyrhlary: Türkmenistan

Baş Redaktor

Teswirle