TEHNOLOGIÝA

«Citroën» elektrik togy arkaly işlär

Indi bir asyrdan gowrak wagt bäri, hereket edip gelýän Fransiýanyň bu iri awtoulag kompaniýasy elektrik togy bilen işleýän ulagy alyjylara hödürledi. Ynha, indi «Citroën» kysymly iki adama niýetlenen awtoulagy hem dünýäde elektrik togy bilen işleýänleriň arasynda ilkinjileriň hataryna saýlandy. Bilermenleriň bellemeklerine görä, rahat hem-de ähli gerekli enjamlar bilen üpjün edilen bu ulag syýahat etmek üçin amatly hasaplanýar. «Citroën» kompaniýasynyň bu önümi howany hem-de ekologiýany gorap saklamaga uly ýardam eder. Kompaniýa elektrik togy arkaly işleýän awtoulagyň bu görnüşini dünýäniň dürli künjeklerine ýaýratmagy maksat edinýär.

Ýene-de okaň

Şäherara ilkinji uçýan taksi synag edildi

Hytaýda emeli aň bilen ilkinji multfilm taýýarlandy

“Galaxy Ring” atly “akylly” ýüzük tanyşdyrylar

Emeli aň 2 trillion dollarlyk kompaniýany emele getirdi

Ata Watan Eserleri

52 ýyldan soňra ABŞ Aýa kosmos gämisini gondurdy

“Akylly” ýüzükler bazarynda bäsdeşlik ýokarlanýar