TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Çille gary

8-nji dekabrdan başlanýan uly çille 17-nji ýanwara çenli dowam edýär. Soňra kiçi çille başlanýar. Kiçi çille 7-nji fewrala çenli dowam edýär-de, soň ornuny ahyrky garagyşa berýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär. 

Eždatlarymyz gyş pasly barada gyzyla gaplaýmaly pähimleri, nakyllary we atalar sözlerini miras galdyrypdyrlar. Olardan: «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz», «Gyş gamyny ýaz iý, ýaz bolmasa — güýz», «Gyş geýjegiňi tomus taýýarla, tomus geýjegiňi — gyş», «Ýazyň ýuwundysy — gyşa gatyk» ýaly pähimdir nakyllaryň her birinde gyşa taýýarlykly barmalydygy ündelýär.

Gyşyň gar-ýagşynyň toprak üçin zerurlykdygyny, eger-de gyşda ygal bolmasa, onda ýazda berekediň hem bolmajakdygyny pederlerimiz «Gyş bolmasa, guş bolmaz», «Gyşy gyşsyramadygyň, ýazy ýazsyramaz», «Gyş suwy — gyzyl suwy», «Çille gary — ýeriň gany» diýen ýaly pähimleriň üsti bilen ýatladypdyrlar.

Ata-babalarymyz uly çillede gar köp ýagyp, doňaklyk uzak dowam etse, gowulyga ýorupdyrlar. Sebäbi soňra onuň yzyndan gelýän kiçi çille gazabyna tutmandyr. Eger-de uly çille maýyl gelse, onda ol öz ornuny kiçi çillä berjek wagty: «Inim Sary, ýet, gara goýunda guýruk, esrik nerde örküç, sannyk aýalda hem hamyrmaýa galdy. Men-ä sakgalymyň agyndan utanyp, halkyň ýagdaýyna dözmän, doňaklygy gowşagrak etdim. Sen beri öz borjuňy berjaý et» diýip, kiçi çillä pugta sargarmyş. Şundan soň kiçi çille gazabyna tutsa, ata-babalarymyz: «Gyş soňuna syrykdy» diýip, öz aladasy bilen bolupdyrlar. Bary-ýogy 20 gün dowam edýän kiçi çilläniň döwri geçenden soňra bolsa gyşyň gutardygy diýip hasaplapdyrlar. Sebäbi 7-nji fewraldan 22-nji fewrala çenli dowam edýän ahyrky garagyş eýýäm gyşyň gowşap, howanyň maýlap başlaýan döwri hasaplanýar.

Şu ýylyň gyşy turuwbaşdan aklyga, ak gara beslenip geldi. Munuň özi towşan ýylynyň rysgal-bereketli, döwletli ýyllaryň biri boljakdygynyň alamatydyr.

Ýene-de okaň

Beýonsadan taryhy “Gremmi” üstünligi

Howa maglumaty: 6-12-nji fewral

Çeper höwesjeň kollektiwlerine «Halk» ady berler

Teswirle