TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Çilimiň tüssesi hem zyýanly

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatyna görä, dünýäde çilim çekýänleriň sany 1 milliardy geçdi. Çilim çekýänleriň 80 göterimi pes we orta girdejili ýurtlarda ýaşaýar. Kiribati, Garadag we Gresiýa iň köp çilim çekilýän ýurtlardyr.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryna laýyklykda, her ýyl çilim çekmeýän 1 milliondan gowrak adam çilimiň tüssesi sebäpli döräp bilýän keseller zerarly aradan çykýar.

BSGG-niň başlangyjy bilen 9-njy fewral 1987-nji ýyldan bäri çilim çekmegiň zyýany barada köpçülige wagyz etmek we temmäkä garşy göreşmek maksady bilen “Bütindünýä çilimi taşlamak güni” hökmünde bellenilýär.

1 milliarddan gowrak adam çilim çekýär we bu adamlaryň 80 göterimi ösmedik we ösüp gelýän ýurtlarda ýaşaýar. Käbir gözlegler temmäki ulanýanlaryň çilimi taşlamak üçin kömege mätäçdigini görkezýär. Şol barlaglaryň netijesine görä, çilim çekýänleriň gaty az bölegi temmäkiniň adam saglygyna ýetirýän täsirleri baradaky düşünje eýedir.

Her ýyl dünýäde 8 milliondan gowrak adam çilim çekýändigi üçin ýüze çykýan keseller zerarly aradan çykýar. Munuň 7 milliony gönüden-göni çilim çekmek bilen baglanyşykly bolsa, 1 milliondan gowragy çilim çekmeýändigine garamazdan, çilimiň tüssesi sebäpli emele gelýän keseller zerarly aradan çykýar.

Temmäki önümleriniň bahalarynyň 10 göterim ýokarlandyrylmagy, ýokary girdejili ýurtlarda ony sarp edýänleriň sanyny 4 göterim, pes we orta girdejili ýurtlarda 5 göterim töweregi azalmagyna getirjekdigi aýdylýar.

Kiribati 47,4 göterim bilen iň köp çilim çekilýän ýurtlaryň sanawynda öňdeligi eýeleýär. Soňra sanawda Garadag (46%), Gresiýa (43,7%), Gündogar Timor (42,2%), Russiýa (40,9%) we Nauru (40%) ýaly ýurtlar gelýär.

Şeýle hem her ýylyň 31-nji maýynda Bütindünýä çilimkeşlige garşy göreş güni bellenilip geçilýär.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

Ýene-de okaň

“Türk howa ýollary” awiakompaniýasy: Biletlerde ýene arzaladyş

Baş Redaktor

Halkara uçarlaryň ählisi Aşgabatdan amala aşyrylar :Stambul, Dubaý we beýlekiler

Baş Redaktor

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: ýerli we halkara howa gatnawlaryň täze rejesi

Ata Watan Eserleri

Teswirle