SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Çilimi taşlamak üçin başlangyç

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy 1,3 milliard adamy çilim çekmek endiginden halas etmek üçin täze başlangyjy öňe sürdi. Bu barada BSGG-niň baş direktory Tedros Gebreýesus habar berdi.

“Başlangyjyň maksady, 1,3 milliard çilimkeşiň erbet endiklerden dynmagyna kömek etmekden ybarat” diýip BSGG-niň ýolbaşçysy gürrüň berdi. Bu başlangyjyň çäklerinde adamlar zerur kömegi alyp bilerler. “Florens” sanly lukman taslamasynyň çäklerinde çilimi taşlamak üçin maslahatlar berler.

Tedros Gebreýesusyň aýtmagyna görä, her ýyl 8 million adam çilim zerarly aradan çykýar. Häzirki wagtda dünýäniň ençeme ýurdunda çilimkeşligi aradan aýyrmak üçin degişli işleri geçirýärler. Köpçülikleýin ýerlerde çilim çekmek gadagan edilýär.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy 1988-nji ýyldan başlap, her ýyl 31-nji maýda Temmäkä garşy Bütindünýä göreş güni bellenýär. Temmäkä garşy göreşde möhüm üstünlikleri gazanan döwlet işgärlerine, alymlara we hünärmenlere sylaglar berilýär.

Ýene-de okaň

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy

Türkiýede hasyl möwsüminde zeýtun baýramy