TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Çigildem hakynda täsin maglumat

Çigildemler hakynda gyzykly maglumatlar, bu gülleriň täsin aýratynlyklary barada öwrenmäge kömek eder. Dünýäniň köp ýurtlarynda meşhur. Çigildemler ideg etmegi talap etmeýär we daglyk, sähraly we çöllük ýerlerde ösüp bilýär.

Çigildemleriň watany orta Aziýa hasaplansa, hem olar Niderlandlarda has meşhurlyk gazanypdyrlar. Häzirki wagtda dünýäniň ähli künjünde çigildemleriň dürli reňkli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär.

Çigildem – düýbi sogan görnüşli, owadan gyzyl gülli meýdan oty.

  • Häzirki wagtda çigildemleriň 100-e golaý görnüşi belli bolup, olar öz gezeginde 1800 sorta bölünýär.
  • Birnäçe asyrlap çigildemler Osman imperiýasynyň dolandyryjy dinastiýasynyň nyşany hasaplanypdyr.
  • Açlyk döwürlerinde köp sanly ýewropalylar soganyň ýerine çigildemiň sogana meňzeş düýbüni iýipdirler. Çigildemiň sogana meňzeş düýbüni un bilen garyşdyryp hem poeýdalanypdyrlar.
  • Aziýanyň birnäçe döwletinde henizem bu gülleriň sogana meňzeş düýbüni iýýärler.
  • “Çigildem” sözi türk dilinden alnan we “selle” hökmünde terjime edilýär.
  • Çigildemleri täjirçilik taýdan ösdürip ýetişdirmegiň iň ýokary derejesi 1952-nji ýylda bolup geçdi. Şol ýylda dünýäde gül ösdürip ýetişdirýänler bu ösümlikleriň 5544 görnüşini ösdürip ýetişdirdiler. Mysal üçin, häzirki wagtda bu görkeziji üç esse diýen ýaly köpeldi.
  • XVII asyryň başynda çigildemiň düýbi Fransiýada gaty gymmat bolupdyr. Bir degirmen bir çigildem düýbi üçin öz degirmenini satandygy barada rowaýat hem bar.
  • Çigildemiň sogana meňzeş düýbüniň eksportynda Niderlandlar dünýäde öňdebaryjydyr (90%). Bu ýurtda çigildem sortlaryny kepillendirmek boýunça halkara guramasy ýerleşýär.
  • Çigildemler köp suwarmagy talap edenlerinde, niderlandlylar ýerasty suwlaryň derejesini emeli usulda ýokarlandyrýarlar.
  • Çigildemiň reňki simwoliki many berýär. Gyzyl güller söýgini aňladýar, sary güller baýlygy aňladýar, ak güller adamyň bagyşlanmagyny isleýän ýagdaýlary aňladýar.
  • Çigildemiň “Korollyk gijesi” atly sortunyň ýapraklary goýy benewşe reňkindedir. Bu ajaýyp gül Aleksandr Dýumany “Çara çigildem” eserini döretmäge ruhlandyrýar.
  • Çigildemler Omar Haýýamyň XII asyrda ýazan goşgusynda ilkinji gezek agzalyp geçilipdir.
  • Çigildem tohumlarynyň tebigy daşky gurşaw şertlerinde toprakda gögermegi üçin azyndan bir gyş ýerde ýatmaly bolýar.
  • Gyşy geçiren çigildem tohumy ýazda 0-dan +10 ⁰С çenli ösýär. Ilkinji hepdelerde gijeki aýazlar olara zyýan bermeýär, diňe ösüşine päsgelçilik berýär.
  • Gül­ler di­ýa­ry ha­sap­lan­ýan Ni­der­land­lar Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Lis­se şä­he­rin­dä­ki Kýo­ken­hof di­ýil­ýän çi­gil­dem­ler meý­dan­ça­sy­na her ýyl bir mil­li­on­dan gow­rak ja­han­keş­de ge­ze­lenç ed­ýär. Kýo­ken­hof Ni­der­land­la­ryň gü­nor­ta­syn­da bo­lup, ol paý­tagt Ams­ter­da­myň gü­nor­ta-gün­ba­ta­ryn­da ýer­leş­ýär. Dün­ýä­niň iň uly çi­gil­dem ba­gy ha­sap­lan­ýan bu ýer 70 ýyl­dan gow­rak wagt bä­ri ja­han­keş­de­le­ri özü­ne bendi ed­ýär.
  • Şä­her­çe 15-nji asyr­da gu­rlup­dyr. Çi­gil­dem se­ýil­gä­hi di­ýen dü­şün­je 1949-njy ýyl­da şä­her­çe­dä­ki kä­bir gül­çü­le­riň öza­ra mas­la­ha­tyn­dan soň peý­da bol­ýar. Se­ýil­gäh il­kin­ji ge­zek 1950-nji ýyl­da Ba­har ba­gy ady bi­len sy­ýa­hat­çy ka­bul edip baş­la­ýar. Şol ýyl bu ýe­re 236 müň adam ge­ze­lenç ed­ýär. Şa­nyň maş­ga­la­sy ta­ra­pyn­dan hem uly gol­daw be­ril­ýän bu se­ýil­gäh ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne uly go­şant goş­ýar.

Nurgözel Mürjikowa, TOHU-nyñ talyby.

 

 

“Açyk gapylar”: Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti

Ýene-de okaň

Pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

Ýurdumyzyň dag-magdan senagaty işjeň ösdürilýär

1-nji oktýabr – Ýaşulularyň halkara güni

Ata Watan Eserleri

Teswirle