BILIM

“Chevening” talyp haky: Beýik Britaniýada bilim almak mümkinçiligi

Beýik Britaniýada bilim almak üçin “Chevening” maksatnamasyna resminamalar ýa-da ýüz tutmalary kabul etmek işi 12-nji sentýabrda başlady. Ol 2023-nji ýylyň 7-nji noýabryna çenli dowam edip, munuň üçin ýüz tutmalary https://www.chevening.org/apply/  internet saýty arkaly amala aşyrmak zerur boulp durýar.

“Chevening” talyp, oňyn üýtgeşmeler döretmek üçin zerur maksadaokgunlylygynyň we başarnyklarynyň bardygyny we Beýik Britaniýanyň magistr derejesiniň bu işde olara nähili kömek etjekdigini görkezip bilýän dürli gatlaklardan bolan adamlara berilýär.

Bu stipendiýa, Beýik Britaniýanyň islendik uniwersitetinde magistr derejesini almak üçin, şeýle hem köp sanly aýratyn akademiki, hünär we medeni tejribe almak üçin doly maliýe goldawyny hödürleýär.

1983-nji ýylda döredilen “Chevening” maksatnamasy arkaly 55 müňden gwrak hünärmen Beýik Britaniýada bilim almak mümkinçiligine eýe boldy. 2024-2025-nji okuw ýylynda tutuş dünýä boýunça 1500-den gowrak talyp haky mümkinçiligi hödürlener.

Beýik Britaniýanyň Daşary işler. Arkalaşyklar we ösüş ministrliginiň talyp haky bölüminiň ýolbaşçysy Emma Henmnnesi Reýner “Chevening” maksatnamasynyň talyp hakly talyplary we uçurymlarynyň Beýik Britaniýada okan döwründe bilimlerini we başarnyklaryny dürli özgertmeleri amala aşyrmak üçin ulanýandyklaryna belläp geçdi.

Umuman, Beýik Britaniýadaky dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň birinde magistr okamak hukugyna eýe bolup bilersiňiz.

Has giňişleýin maglumat üçin: https://www.chevening.org/apply internet sahypasyna giriň.

Ýene-de okaň

«FLEX» maksatnamasynyň başlajak senesi mälim edildi

Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde türkmen dili okadylyp başlanyldy

Türkiýäniň halkara abraýly uniwersitetleri 2024: Iki ýylda 50 göterim artyş

Baş Redaktor

Dünýäniň iň abraýly uniwersitetleri belli boldy: THE World University Rankings 2024

Baş Redaktor

Türkmenistandan 9 ýokary okuw mekdebi halkara sanawa “habarçy” derejesi bilen girdi

Baş Redaktor

Amerikanyň iň gowy ýokary okuw mekdepleri yglan edildi : iň gowy 30 uniwersitet

Baş Redaktor