TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

“Chevening”: talyp hakly okuw maksatnamasy

Beýik Britaniýanyň  hökümetiniň gönüden-göni goldaw bermeginde guralýan “Chevening” talyp haklarynyň 2020-nji ýylyň 3-nji sentýabry-3-nji noýabry aralygynda açykdygy mälim edildi.

“Chevening” Beýik Britaniýanyň hökümetiniň 1983-nji ýyldan bäri geçirip gelýän maksatnamasydyr. 1983-nji ýyldan bäri bu maksatnama arkaly dünýäniň dürli ýurtlaryndan öňdebaryjy hünärmenleriň 50 müňden gowragyna Beýik Britaniýada talyp hakly bilim bermek mümkinçiligi döredildi.

Dünýä derejesinde bilim almak, Beýik Britaniýanyň myhmansöýerliginden peýdalanmak hem-de bir ömür “Chevening” maksatnamasynyň bir agzasy bolmak isleseňiz, bu maksatnama goşulmaga howlugyň!

2021-2022-nji ýyllarda Beýik Britaniýanyň dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň birinde aspirantura okamak hukugy eýe bolup bilersiňiz.

Has giňişleýin maglumat üçin: https://www.chevening.org/apply internet sahypasyna giriň.

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

Ýene-de okaň

Ýurdumyzda italýan dili öwredilýär

Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi gurlar

Türkmenistanyň wekiliýeti “Bilimi özgertmek boýunça sammite” gatnaşýar

Teswirle