SPORT

Çempionlar ligasynyň taryhyndaky iň owadan gol

Fransiýanyň «France Football” žurnaly Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyň ozalky futbolçysy, häzirki wagtda bu topara tälim berýän Zinedin Zidanyň goly Çempionlar ligasynyň taryhyndaky iň owadan goly hasaplandy.

Zidan bu goly  2002-nji ýylda“Real Madrid” bilen “Baýer” toparynyň (2:1) arasynda geçirilen final duşuşygynda geçiripdi. Ýarym goragçynyň duşuşygyň birinji ýarymynyň ahyrynda geçiren goly ýeňiş getiren gollaryň biri boldy.

Zidan 2001-2006-njy ýyllar aralygynda Ispaniýanyň “Real Madrd” toparynda çykyş etdi. Şa toparynyň düzüminde ol Ispaniýanyň çempiony we 3 gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy.

“France Football” UEFA Çempionlar ligasynyň taryhyndaky (1992-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli) iň oňat 50 goly saýlady.

Bu sanawda ikinji iň owadan gol 1999-njy ýylda “Fiorentinanyň” futbolçysy Mauro Bressanyň “Barselonanyň” derwezesine geçiren goly boldy.

Üçünjiligi bolsa, portugaliýaly hüjümçi Kristian Ronaldo eýeledi. Onuň 2017/2018-nji möwsümde “Ýuwentusyň” derwezesinden geçiren goly owadan gollaryň hatarynda öňdeligi eýeledi.

Ýene-de okaň

Messi “Instagramda” 500 million yzarlaýja ýetdi

Meşhur tälimçi Arsen Wengere türkmen halysyny sowgat berildi

Arsen Wenger: Türkmenistana futbolda uly üstünlikler arzuw etdi

“Arkadag” topary Gyrgyzystanyň “Abdyş-Ata” toparyny ýeňdi

Braziliýa 15-nji gezek dünýä çempiony boldy

Ata Watan Eserleri

“Liwerpul” topary 10-njy gezek Angliýanyň Liga kubogyny gazandy

Ata Watan Eserleri