TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Çempionlar ligasynyñ jogap duşuşyklarynyñ netijeleri

Ýurdumyzyñ sport muşdaklaryny Çempionlar Ligasynyñ netijeleri bilen tanyş edýäris:

Liwerpul -Atletiko Madrid 2-3 hasaby bilen tamamlandy. Oýun hakda aýdanymyzda örän çekeleşikli geçdi. Iki toparam Çempionlar Ligasynyñ 1/4 final tapgyryna çykmak üçin bar güýjini sarp etdiler. Liwerpul toparynyñ janköýerleriniñ goldaw bermeginde, oýunyñ 43-nji minutynda Wijnaldum hasaby açdy. Mundan soñ  Liwerpul topary has-hem umytlandy. Liwerpul topary Atletiko Madridyñ derwezesine ençeme ýiti pursatlary döretdi, emma Atletiko Madridyñ derwezesi Ýan Oblak gahrymanlarça öz derwezesini gorady. Oýunyñ esasy wagty 1-0 hasaby bilen tamamlandy. Emin ýeñijini kesgitlemek üçin 30 minutlyk goşmaça wagty goşdy. Goşmaça wagtda oýun örän gyzykly geçdi. R.Firmino 94-nji minutda hasaby 2-0 çykardy. Atletikonyñ oýunçysy Llorente  97-nji minutda bir jogap topuny geçirdi. 105+1-nji minutda ýene-de Llorente gol geçirip, toparyna deñligi getirdi. 120+1- nji minutda hüjümçi A.Morata tapawutlandy we toparyna ynamly ýeñişini gazandyrdy. Umumy hasap boýunça, ýagny 2-4 hasap bilen Atletiko Madrid ýeñdi we inniki tapgyra çykmaga hukuk gazandy.

PSŽ-Borussia Dortmund 2-0 hasaby bilen tamamlandy. T.Tuheliñ ýolbaşçylyk edýän topary PSŽ, oýunyñ 28-nji minutda hüjümçi Neýmar hasaby açmagy başardy. Oýun has hem gyzykly ýagdaýda dowam etdi. Birinji ýarymyñ goşmaça wagtynda, ýagny 45+1-nji minutda J.Bernat hasaby artdyrdy, şeýlelikde 2-0 hasaby bilen birinji ýarym tamamlandy. Ikinji ýarymda Dortmund topary örän şowly başlady, hat-da PSŽ toparynyñ derwezesine ýiti pursatlary hem döretdi. Oýun umumy hasap boýunça 3-2 hasaby bilen tamamlandy we PSŽ topary indiki tapgyra çykdy.

Ýene-de okaň

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Türkmenistan Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna gatnaşar

Täze futbol ýaryşyny döretmek meýilleşdirilýär

Teswirle