TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Çempionlar ligasynyň iň owadan goly

2019/20-nji möwsümdäki UEFA Çempionlar ligasynyň iň owadan pökgi geçiren oýunçynyň ady kesgitlenildi. Owadan goluň awtory “Ýuwentus” toparynyň hüjümçisi Kristiano Ronaldo boldy. Möwsümiň iň gowy pökgüleriniň sanawynda Ronaldonyň “Lion” bilen geçirilen ýaryşyň 1/8 finalynyň jogap duşuşygynda tora girizen pökgüsi birinji orny eýeledi.

Iň oňat gollaryň sanawynda ikinji oruny “Leýpsig” toparynyň ýarymgoragçysy Marsel Zabitseriň ýaryşyň toparlaýyn tapgyrynda “Zenit” toparyna garşy tora girizen topy eýeledi. Üçünji orny “Ýuwentusyň” ýarymgoragçysy Huan Kuadrado eýeledi, ol hem ýaryşyň toparlaýyn tapgyrynda “Atletiko” garşy oýnunda geçiren goly bilen sanawda öz ornuny aldy.

Ýene-de okaň

Futbolyň iň abraýly kubogy Italiýada öndürilýär

Katar-2022: 17 günde 765 müň adam bardy

“Ahal” topary ýurdumyzyň çempiony boldy

Teswirle