SPORT

Çempionlar ligasynyň geçiriliş düzgüni üýtgedildi

UEFA-nyň düzümindäki 55 agza assosiasiýa Ýewropanyň iň abraýly topar derejesindäki ýaryşy bolan Çempionlar ligasynyň geçiriliş tertibini üýtgetmek baradaky teklip bilen ylalaşdylar. Täze düzgün 2024-nji ýyldan güýje girýär. Bu barada “Sky Sports” neşiri habar berýär.

Çempionlar ligasynyň täze düzgüni UEFA-nyň ýolbaşçysy Aleksandr Çeferiniň başlyklyk etmeginde geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa UEFA-nyň düzümindäki ähli assosiasiýalar gatnaşdy. Duşuşykda ähli gatnaşyjylar ýaryşda geçirilen özgerişlikleri goldady we aprel aýynda ony tassyklamak göz öňünde tutulýar.

Täze düzgüne görä, Çempionlar ligasyna gatnaşýan toparlaryň sany 32-den 36-a çykarylar. Toparlaryň toparçalardaky paýlanyşygy ýeňilleşdiriler. Ýaryş şweýsar ulgamynda oýnalar. Toparlaýyn tapgyrda her toparyň oýnaýan oýunlarynyň sany 6-dan 10-a çenli artdyrylar.

Angliýa, Ispaniýa, Italiýa we Germaniýa ýaly ýurtlaryň toparlaryna üç sany goşmaça orun berler, häzirki wagtda hersinde dört kepillendirilen orun bar. Dördünji goşmaça orun, häzirki wagtda diňe iki kepillendirilen ýeri bolan Fransiýa berlip bilner.

Şeýlelikde, her topar dürli garşydaşlary bilen 10 duşuşyk geçirer. Şonuň netijesinde, ýaryşyň tablisasy düzüler.

Ilkinji 8 topar gönüden-göni 1/8 finala çykar. Galan 8 orun üçin tablisada 8-den soňky orunlary eýelän toparlar öz arasynda bäsleşer.

 

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

 

Ýene-de okaň

“Baýer” topary ýeňilmän çempion boldy

Ronaldo Saud Arabystanyda galyp biler

“Ýuwentus” topary 15-nji gezek Italiýanyň kubogyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Waran “Mançester Ýunaýted” toparyndan gidýär

“Mançester Siti” toparynyň çempionlygyna bir duşuşyk galdy

Dünýäniň iň gowy toparlarynyň sanawy düzüldi