TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Çempionlar ligasynyň finaly: “Mançester Siti” – “Inter”

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň finalçylary belli boldy. Ozal hem habar berşimiz ýaly, ilki bilen “Inter” topary finala ykyp, öz garşydaşynyň haýsy topar boljakdygyny garaşdy. Ol hem ispan tälimçi Hosep Gwardiolanyň “Mançester Siti” topary boldy.

Angliýada “Etihad” stadionynda “Mançester Siti” topary Çempionlar ligasynyň kubogyny iň köp gazanan “Real Madrid” toparyny kabul etdi. Iňlis topary Ispaniýanyň şa topary bilen ilkinji duşuşykda 1:1 hasabynda deňme-deň oýnapdy.

Jogap duşuşygy örän möhüm bolup durdy. Öz meýdançasynyň artykmaçlygy hem-de tälimçi Hosep Gwardiolanyň oýun düzgüni bilen oýnan “Mançester Siti” topary garşydaşy “Real Madrid” toparynyň derwezesindne jogapsyz 4 pökgi geçirdi.

Ýarym final gijesiniň gahrymany portugal futbolçy Bernardo Silwa boldy. Ol bu duşuşykda 2 gezek tapawutlandy.

2019-njy ýyldan soňra “Real Madrid” topary Çempionlar ligasynyň ýarym finalynda uly hasap bilen ýeňildi.

Indi, Çempionlar ligasynda nobat final duşuşygynda. Ol hem 10-njy iýunda Stambul şäherindäki “Atatürk” stadionynda geçiriler. Onda “Mançester Siti” – “Inter” toparlary duşuşar. Bu iki topar ilkinji gezek resmi duşuşykda özara duşuşýarlar.

Ýene-de okaň

Messi PSŽ bilen hoşlaşdy

Al-Ittihad topary Benzema bilen şertnama baglaşdy – Al Ekharabiýa

Real Eden Hazard bilen şertnamasyny bes etdi

Teswirle