TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Çempionlar ligasynyň bijeleri

10-njy iýulda Nýondaky UEFA-nyň ştab-kwartirasynda Çempionlar ligasynyň bijeleri çekildi.

Çempionlar ligasynyň 1/4 final duşuşyklary:

“Real Madrid” – “Mançester Siti”/ “Lion” – “Ýuwentus”

“RB Leipzig” – “Atletiko”

“Napoli” – “Barselona”/ “Çelsi” – “Bawariýa”

“Atalanta” – PSŽ

Çempionlar ligasynyň 1/2 final duşuşyklary:

Birinji çärýek final ýeňijisi – Üçünji çärýek final ýeňijisi

Ikinji çärýek finalyň ýeňijisi – Dördünji çärýek finalyň ýeňijisi

“Atalanta”, “Atletiko”, “PSG” we “Leipzig” eýýäm çärýek finala çykan toparlardyr.

1/8 finalyň galan oýunlary 7-8-nji awgustda ýer eýeleriniň stadionlarynda tomaşaçysyz geçiriler.

1/4 jemleýji tapgyrdan başlap, Çempionlar ligasynyň oýunlary Lissabonda “soňky sekiz” görnüşinde geçiriler. Çärýek final oýunlary 12-15-nji awgust aralygynda, ýarym final – 18-19-njy awgust aralygynda bir oýun görnüşinde geçiriler. Çempionlar ligasynyň final duşuşygyny 23-nji awgustda geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Çempionlar ligasy: Messiniň nobatdaky rekordy

Alonso “Baýer” toparyna tälim berer

Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

Teswirle