TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Çempionlar ligasynda gyzykly oýunlar garaşýar

17-nji martda koronawirus sebäpli togtadylyp, awgust aýyndan täzeden bat alan Çempionlar ligasynyň duşuşyklarynyň netijeleri boýunça çärýek finala çykan toparlar belli boldy.

Bilşimiz ýaly, şenbe güni oýnalan duşuşyklarda Ispaniýanyň “Barselona” topary Italiýanyň “Napoli” toparyny 3:1 hasabynda utan bolsa, Germaniýanyň “Bawariýa” topary Angliýanyň “Çelsi” toparyny 4:1 hasabynda ýeňdi.

Şeýlelikde çärýek finalda duşuşjak toparlar belli boldy.

12-nji awgust: “Atalanta” (Italiýa) – PSŽ (Fransiýa)

13-nji awgust: “Liepsig” (Germaniýa) – “Atletiko Madrid” (Ispaniýa)

14-nji awgust: “Barselona” (Ispaniýa) – “Bawariýa” (Germaniýa)

15-nji awgust: “Mançester Siti” (Angliýa) – “Lion” (Fransiýa)

Koronawirus sebäpli Çempionlar ligasynyň çärýek final, ýarym final hem-de final duşuşyklary Portugaliýanyň Lissabon şäherinde geçiriler. Duşuşyklar “utulan-çykdy” formatynda bolup, toparlaryň ykbalyny diňe bir duşuşyk kesgitleýär.

18-19-njy awgustda ýarym final duşuşyklary, 23-nji awgustda bolsa final duşuşygy geçiriler.

Duşuşyklar Portugaliýanyň paýtagty Lissabon şäherindäki 65 müň tomaşaçyly “Luz” stadionynda hem-de 50 müň tomaşaly “Žoze Alwalade” stadionynda geçiriler.

Ýene-de okaň

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Türkmenistan Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna gatnaşar

Täze futbol ýaryşyny döretmek meýilleşdirilýär

Teswirle