TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Çempionlar ligasy: uly hasaply ýeňişler

UEFA-nyň Çempionlar Ligasynyö 3-nji tapgyrynyň duşuşyklary uly hasaply netijeler bilen tamamlandy. “Real”, “Mançester Siti”, “Sporting” hem-de “Aýaks” toparlary garşydaşlaryny uly hasap bilen ýeňmegi başardy.

Bu tapgyryň esasy duşuşyklarynyň biri Ispaniýada oýnaldy. Ispaniýanyň “Atletiko Madrid” topary bilen Angliýanyň “Liwerpul” toparynyň arasyndaky duşuşyk örän çekeleşikli boldy. Nitejede, “Liwerpul” topary Mohammed Salahyň 2, Nabi Keitanyň 1 goly bilen garşydaşyny 3:2 hasabynda ýeňdi. “Atletiko Madrid” toparynda Antuan Grizmann 2 gezek tapawutlandy we duşuşygyň 52-nji minutynda gyzyl kart alyp, meýdançadan çykdy.

MESSINIŇ JADYLAÝJY OÝNY HEM ÝETERLI

Lionel Messiniň jadylaýjy oýunlary dowam edýär. “PSŽ” topary Germaniýanyň “Leýpsig” toparyny 3:2 hasabynda ýeňdi. Messi 2 gezek, Mbappe 1 gezek tapawutlandy.

Şeýle hem Çempionlar ligasynyň 3-nji tapgyrynda “Real Madrid” topary myhmançylykda Ukrainanyň “Şahtýor” toparyny 5:0, “Inter” topary bu ýaryşda üstünliklik çykyş edip, hemmeleri haýran galdyran Moldowanyň “Şerif” toparyny 3:1, “Mançester Siti” topary “Brýugge” toparyny 5:1, “Aýaks” topary “Borussiýa Dortmund” toparyny 4:0 hasabynda ýeňdi.

ÇEMPIONLAR LIGASYNDAKY DUŞUŞYKLARYŇ NETIJELERI

“A” toparça

“Brýugge” – “Mançester Siti”   1:5

“PSŽ” – “Leýpsig”                   3:2

“B” toparça

“Porto” – “Milan”                    1:0

“Atletiko” – “Liwerpul”            2:3

“C” toparça

“Beşiktaş” – “Sporting”          1:4

“Aaýks” – “Borussiýa D”        4:0

“D” toparça

“Inter” – “Şerif”                     3:1

“Şahtýor” – “Real”                0:5

 

20-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Çempionlar ligasy: Messiniň nobatdaky rekordy

Alonso “Baýer” toparyna tälim berer

Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

Teswirle