TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Çempionlar ligasy: “Real” we “Ýuwentus” öýüne gaýtdy

Ýewropa futbolynyň iň naýbaşy ýaryşlarynyň biri hasaplanýan Çempionlar ligasynyň 17-nji martda koronawirus sebäpli togtadylan duşuşyklary täzeden bat aldy.

Futbol janköýerleriniň uly sabyrsyzlyk bilen garaşan futbol duşuşyklarynda iki ägirt toparlar “Real Madrid” bilen “Ýuwentus” Çempionlar ligasy bilen hoşlaşmaly boldy.

1/8 finalyň jogap duşuşyklarynda Italiýanyň “Ýuwentus” topary dünýäniň güýçli futbolçylaryndan Kristiano Ronaldonyň geçiren 2 pökgüsi bilen Fransiýanyň “Lion” toparyna garşy ýeňiş gazandy. Emma Ronaldonyň gollary toparyň indiki tapgyra çykmagyna mümkinçilik bermedi. Duşuşyk 2:1 hasabynda tamamlandy. Toparlaryň arasyndaky ilkinji duşuşykda bolsa “Lion” topary “Ýuwentusy” 1:0 hasabynda utupdy. Şeýlelikde 2 duşuşyň jemleri boýunça “Lion” indiki tapgyra çykdy.

Şeýle hem Ispaniýanyň şa topary hasplanýan “Real Madrid” topary hem Angliýanyň “Mançester Siti” toparyndan 2:1 hasabynda utulyp, Çempionlar ligasy bilen hoşlaşdy.

Şeýlelikde, “Mançester Siti” we “Lion” toparylary ¼ final duşuşygynda şu ýylyň 15-nji awgustynda Lissabonyň «Žoze Alwalade» stadionynda oýnalar.

RONALDO 130 GOL GEÇIRDI

“Ýuwentus” toparynyň hüjümçisi Kristiano Ronaldo Çempionlar ligasynyň ähli duşuşyklarynda geçiren gollarynyň sany 130-a ýetdi. Ol bu ýaryşyň iň köp pökgi geçiren we şu görkezijä ýeten ilkinji futbolçysydyr.

Bu ugurda ikinji orunda “Barselona” toparynyň hüjümçisi Lionel Messi barýar. Onuň hasabynda 114 gol bar.

Raul Gonzalez Blanko 71 pökgi bilen üçünji ýerde durýar. “Real Madridiň” we “Şalkeniň” öňki hüjümçisi futboly taşlady. Karim Benzema bu sanawda dördünji orunda durup, onuň pökgi sany 65-ä deňdir.

Ýene-de okaň

Futbolyň iň abraýly kubogy Italiýada öndürilýär

Katar-2022: 17 günde 765 müň adam bardy

“Ahal” topary ýurdumyzyň çempiony boldy

Teswirle