Çempionlar ligasy: “Real Madrid” ýeňmegi başardy

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň çäklerinde nobatdaky duşuşyklar geçirildi. Onda Italiýanyň “Atalanta” topary bilen Ispaniýanyň “Real Madrid” hem-de Germaniýanyň “Borussiýa M” bilen Angliýanyň “Mançester Siti” toparlary duşuşdy.

“Real Madrid” topary myhmançylykda 86-njy minutda geçiren goly bilen garşydaşyny 1:0 hasabynda utdy. Italiýanyň “Atalanta” topary bu duşuşygy 10 futbolçy bilen tamamlady. Duşuşygyň 17-nji minutynda Remo Freuler gyzyl kart aldy.

“Realyň” ýeke-täk goluny Ferland Mendi geçirdi. Bu oýnuň jogap duşuşygy 16-njy martda Ispaniýada geçiriler.

BASSYR 19-NJY ÝEŇŞINI GAZANDY

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň beýleki oýnunda Germaniýanyň “Borussiýa M” bilen Angliýanyň “Mançester Siti” toparlary duşuşdy. “Mançester Siti” topary garşydaşyny 2:0 hasabynda ýeňip, bassyr 19-njy ýeňşini baýram etdi.

Okap bilersiňiz  ÝB-MA-Owganystan formatynda hyzmatdaşlyk

Germaniýada koronawirus sebäpli halkara futbol duşuşyklaryna rugsat berilmeýändigi üçin bu duşuşyk Wengriýanyň paýtagty Budapeştdäki “Puşkaş” futbol meýdançasynda geçirildi. “Mançester Siti” toparyndan Bernardo Silwa hem-de Gabriel Jesus tapawutlandy.

Bu duşuşykda gazanan ýeňşi bilen “Mançester Siti” topary resmi duşuşyklarda yzly-yzyna 19-njy ýeňşini baýram etdi.

Jogap duşuşygy 16-njy martda geçiriler.

 

Täşli Tülegenow: “Ömrüm aýdyma berlen”