TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Çempionlar ligasy: “Real Madrid” şowsuzlyga ýol bermedi

Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyr duşuşyklary tamamlandy. Pleý-off tapgyryna çykan toparlaryň atlary anyk belli boldy. Mundan soňra Çempionlar ligasy indiki ýylda pleý-off duşuşyklary bilen dowam eder. Çarşenbe güni geçirilen oýunlaryň netijeleri bilen tanyşdyrýarys.

A” toparynyň netijeleri

Bawariýa 2:0 Lokomotiw Moskwa”

Süle 63’

Çupo-Moting 80’

“Lokomotiw Moskwa” toparyň tälimçisi oýundan öň, Ýewropa ligasyna düşmek üçin elde baryny ederis diýip, belläpdi. Emma ýer eýeleri 3 utuk üçin göreşdiler. Şeýlelik bilen “Bawariýa” topary pleý-off tapgyryna çykdy, “Lokomotiw Moskwa” topary bolsa hem Çempionlar ligasy bilen hem-de Ýewropa ligasy bilen hoşlaşdy.

RB Salzburg 0:2 Atletiko Madrid”

Hermoso 39’

Karrasko 86’

“Atletiko Madrid” topary “A” toparda ikinji orunda tamamladylar. Ýer eýeleri toparda 4 utuk gazanyp, öz ýoluny Ýewropa Ligasynda dowam eder.

B” toparynyň netijeleri

“Real Madrid 2:0 Borussiýa Mýünhengladbah”

Karim Benzema 9’ 31’

Madridyň “Real” topary Çempionlar ligasynda taryh ýazyp bilerdir. Ýöne başgaça manyda, ýagny Şa topary bu duşuşykda öz meýdançasynda ýeňilen bolsa, onda ýarym asydan soňra, bu topar beýle görkezijini görkezerdi. Üstünlik ýer eýeleriň tarapynda boldy. Olar diňe bu duşuşykda ýeňiş gazanman, eýsem toparda birinji bolmagy hem başardylar.

Inter 0:0 Şahtýor”

Bu duşuşyk örän çekeleşikli geçdi. “Şahtýor” futbol topary ýeňiş gazanan bolsa, onda “Borussiýa Mýünhengladbah” toparyna derek pleý-off tapgyryna çykyp bilerdi. Bu toparda “Inter” futbol topary ýewro çempionatlar bilen hoşlaşdy.

“C” toparynyň netijeleri

Mançester Siti 3:0 Marsel”

Ferran Torres 48’

Agüero 77’

Soberon 90’ (Ö.d)

Ýer eýeleri oýunyň başyndan geçiren howply hüjümleri, garşydaş toparyna aljyraňly ýagdaýy döretdi. Oýunyň birinji ýarymynda hasap açyldy, soňky netijäni bolsa Soberon atly oýunçy tötänleýin öz derwezesine gol geçirdi.

Olimpiakos 0:2 Portu”

Otawio 10’ (P)

Mateos Uribe 77’

Bu toparda eýýäm hemme zat bellidi. “Olimpiakos” topary bolsa öz ýoluny Ýewropa ligasynda dowam etdirer.

D” toparynyň netijeleri

Mitjiland 1:1 Liwerpul”

Aleksandr Şols 62’ (P)      Muhammed Salah 1’

“D” toparynda “Liwerpul” topary bu duşuşygyndan öň eýýäm pleý-off tapgyryna çykypdy. Bu oýunda Salah oýun başlan mahalyndan soňra, gol geçirdi. Umuman aýdanymyza deňme-deňlik topara ýeterlikdi.

Aýaks 0:1 Atalanta”

Luis Muriel 85’

Bu oýun hakda aýdanamyzda, oýun deň ýagdaýda geçdi. “Aýaks” toparynyň oýunçysy Grawenberh duşuşygyň 79-njy minutynda gyzyl petek alyp meýdany terk etmeli boldy. Garşydaşyň oýunçy sanynyň az bolmagy, “Atalanta” toparyna artykmaçlyk getirdi.

Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyryna çykan toparlaryň atlary:

“Bawariýa”, “Atletiko Madrid”, “Real Madrid”, “Borussiýa Mýünhengladbah”, “Mançester Siti”, “Porto”, “Liwerpul”, “Atalanta”, “Çelsi”, “Sewilýa”, “Borussiýa Dortmund”, “Lasio”, “Ýuwentus”, “Barselona”, “PSŽ”, “RB Leýpsig”.

Ýewropa ligasynda çykyş etjek toparlar:

“RB Salzburg”, “Şahtýor”, “Olimpiakos”, “Aýaks”, “Krasnodar”, “Brýugge”, “Dinamo Kiýew”, “Mançester Ýunaýted”.

Çempionlar ligasynyň 1/8 bäsleşiginiň bijeleri 14-nji dekabrda çekiler.

 

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

 

 

Ýene-de okaň

Garri Keýnden taryhy “gol”

Konor Makgregor dolanyp gelýär

Ronaldo täze toparyndaky ilkinji goluny geçirdi

Teswirle