TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Çempionlar ligasy: “Real” ilkinji gezek topardan çykyp bilmez

Çempionlar ligasynyň 5-nji tapgyrynda gyzykly duşuşyklar geçirildi. Bu ýerde taryh ýazyldy diýip bolar. Gysgaça bu duşuşyklaryň netijeleri bilen tanyşdyrmagy makul bildik.

“Şahtýor 2:0 Real Madrid”

Dentinýo 57’

Solomon 82’

Ukrainanyň “Şahtýor” futbol topary myhmançylykda hem 3:2 hasaby bilen ýeňiş gazanypdy. Bu oýun bolsa üstünlik ýer eýeleriniň tarapyna boldy. Soňky döwürlerde Şa topary özüne mahsus  bolan oýnuny görkezip bilmeýär we toparyň käbir oýunçylary özüniň psiholgiýasyna nägililik bildirdiler. Tälimçi Zinedin Zidana: “Tälimçilik wezipesini terk edip bilersiňizmi? diýen ýalysorag soraldy. Emma Zidan bu hakda hiç pikirlenmeýärin diýip, jogap berdi. “Real Madrid” topary geçiren 9 duşuşygynda 7 gezek ýeňlişe sezewar boldy. Bu hem toparyň belki indiki tapgyra çykmagyna kynçylyk döredip biler.

“Lokomotiw Moskwa 1:3 RB Salzburg

A.Mirançuk 79’ (P)         Berişa 28’, 41’

Adeyemi 81’

Bu ýerde rus anlitikleri özleriniň çykyş edýän toparyna ýeňiş gazanjagy hakda ynanýardylar. Hat-da bu tapgyra çenli “Lokomotiw Moskwa” toparynyň pleý-off tapgyryna çykmaga mümkinçiligi uludy. Bu netije bilen rus topary pleý-off tapgyryna çykyp bilmeýär.

“Borussiýa Mýunhengladbah 2:3 Inter”

Plea 45+1’, 75’            Matteo Darmian 17’

Lukaku 64’, 73’

Duşuşyga myhmanlar örän ýokary derejeli oýuny we ýeňiş islegi bilen gelipdirler. Gyzykly başlan duşuşyk birinji ýarymda gola getirdi. Umuman aýdanymyzda bu toparda çykyş edýän ähli toparlarda pleý-off tapgyryna çykmaga mümkinçilikleri bar.

“Marsel 2:1 Olimpiakos”

                                    Dmitri Paýet 55’(P), 75’(P)         Kamara 33’

“Marsel” futbol topary öz meýdançasynda “Olimpiakos” futbol toparyny kabul etdi. Duşuşykda “Marsel” ýeňiji diýip hasaplanyldy. Ýöne oýunyň 33-nji minutynda garaşylmadyk pursat bolup geçdi, myhman öňe saýlandylar. Emma “Marsel” futbol topary ýeňişi elden bermediler.

“Atletiko Madrid 1:1 Bawariýa”

Joao Feliks  26’         Tomas Müller 86’(P)

Wisente Kalderon stadionynda “Atletiko” futbol topary, ýaryşyň soňky çempionyny kabul etdi. Ýer eýeleri duşuşykda ýeňişe uly isleg bildirýärndigi barada garşydaş toparyna birnäçe howply pursatlar bilen subut etdi. Emma Tomas Müller toparyna halas ediji goluny getirdi we şeýlelik bilen oýun deňde-deň tamamlandy.

“Liwerpul 1:0 Aýaks”    

Kurtis Jons 58’

Ýer eýeleriniň bu oýunda maksady diňe ýeňiş gazanmakdy. Sebäbi bu ýeňiş bilen olar pleý-off tapgyryna çykyp bilýärdiler. “Liwerpul” futbol toparynyň derwezewany Alissin Beker şikes almagy sebäpli oýunda çykyş edip bilmedi. Onuň deregine Çempionlar ligasynda we Premýer ligada çykyş edip görmedik, 22 ýaşly Kewin Kelleher çykdy. Ýöne bu ýerde derwezewanyň tapawutlanandygyny bellemeli. Ol derwezesine oýnuň dowamynda gol geçirtmän gorady.

“Atalanta 1:1 Mitjiland”

Romero 79’       Şölz13’

Myhmançylykda “Mitjiland” futbol topary birneme futbol janköýerlerini begendirdi. Sebäbi oýundaky hasaby ilkinji bolup olar açmagy başardylar. Emma Romero-nyň geçiren goly bilen duşuşyk deňme-deň tamamlandy.

“Porto 0:0 Mançester Siti”

“Porto” futbol topary “Liwerpul” futbol topary bilen bilelikde pleý-off tapgyryna çykmagy başardylar. Munuň üçin ýer eýelerine deňme-deňlik hem ýeterlik boldy.

 

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

 

Ýene-de okaň

Garri Keýnden taryhy “gol”

Konor Makgregor dolanyp gelýär

Ronaldo täze toparyndaky ilkinji goluny geçirdi

Teswirle