TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Çempionlar ligasy: Messiniň nobatdaky rekordy

UEFA-nyň Çempionlar ligasynda toparçalardaky nobatdaky duşuşyklar geçirildi. Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň argentinaly ýyldyzy Lionel Messi Portugaliýanyň “Benfika” topary bilen geçirilen duşuşykda tapawutlanmagy başardy. Duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy.

Ýöne Messi bu duşuşykda geçiren goly bilen nobatdaky rekordyny goýdy. Ol Çempionlar ligasynda 40 sany dürli toparyň derwezesinden gol geçirmegi başaran ilkinji futbolçy boldy. Bu ugurda ikinji orunda Kristiano Ronaldo durýar. Ol 38 topara gol geçirmegi başardy.

Şeýle hem Messiniň rekordy munuň bilen çäklenmedi. Ol Çempionlar ligasynda bassyr 18 möwsümden bäri tapawutlanyp gelýän ýeke-täk futbolçydyr. Ol bu ugurda “Real Madrid” toparynyň fransuz hüjümçisi Karim Benzemanyň 17 möwsümlik rekordyndan öňe saýlandy.

ÇEMPIONLAR LIGASYNDAKYŇ DUŞUŞYKLARYŇ NETIJESI

E toparça:

“Zalsburg” – “Dinamo Zagreb”: 1-0

“Çelsi” – “Milan” : 3-0

F toparça:

“Leipsig”  – “Seltik”: 3-1

“Real Madrid” – “Şahtýor” : 2-1

G toparça:

“Mançester Siti” – “Kopengagen” : 5-0

“Sewilýa” – “Borussiýa Dortmund”: 1-4

H toparça:

“Ýuwentus” – “Makkabi” : 3-1

“Benfika” – “PSŽ” : 1-1

 

Ýene-de okaň

Katar-2022: Niderlandlar we Senegal indiki tapgyra çykdy

Katar-2022: Braziliýa we Portugaliýa indiki tapgyra çykdy

Messi karýerasyny ABŞ-da dowam etdirip biler

Teswirle