TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Çempionlar ligasy: “Lokomotiwden” garaşylmadyk oýun

Düýn Çempionlar ligasynda gyzykly duşuşyklar geçirildi. Olaryň biri hem Russiýanyň Moskwa şäherinde bolup geçdi. Ýagny “A” toparda “Lokomotiw Moskwa” futbol topary öz meýdançasynda ýaryşyň soňky çempiony “Bawariýa” futbol toparyny kabul etdi. Duşuşygyň birinji ýarymynyň 13-nji minudynda Lion Goretska hasaby açmagy başardy. Ikinji ýarymda “Lokomotiw Moskwa” futbol topary oýuna başga göz bilen garap we olar häzirki wagtda çempion hasaplanylýan garşydaş toparyna diýseň ýokary derejeli oýnuny görkezip, garşydaşyň hüjümlerini sowmaga başlady. Bu bolsa topara 70-nji minutda Anton Mirançugyň geçiren goly bilen subut etdi. Hat-da “Lokomotiw Moskwa” futbol topary öňe saýlanmak mümkinçiligi hem döredi, emma dürs peýdalanyp bilmediler. Oýnuň 79-njy minutynda Ýosua Kimmihiň geçiren goly, duşuşykda soňky netijäni kesgitledi. Şeýlelik bilen “Lokomotiw Moskwa-Bawariýa” duşuşyk 1:2 hasaby bilen tamamlandy. Bu toparda çykyş eden “Atletiko Madrid-Zalsburg” toparlaryň arasyndaky duşuşyk 3:2 hasaby bilen ýer eýeleri ýeňiş gazandy.

“B” toparyň duşuşyklary

Germaniýada “Borussiýa Mýunhengladbah” futbol topary Borussiýa-Park stadionynda, dünýä belli geçen “El-Klassikoda” ýeňiş  gazanan “Real Madrid” futbol toparyny kabul etdi. Duşuşygyň 33 we 58-nji minutlarynda ýer eýeleriniň hüjümçisi Markus Týuram toparyny öňe çykarmagy başardy. Madridyň “Real” topary bu duşuşykda bolmanda deňme deňligi gazanmak üçin oýnuň dowamynda oýun çalşygy geçirdi we toparada peýda getirdi. 87-nji minutda meýdança soň çykan Luka Modriçyň jerime meýdançanyň içine gönükdiren urgusyndan, Karlos Kazemiro ýokardan gelen topy kelle urgusy bilen Karim Benzema geçirdi we oýunçy duşuşykda bir jogap goluny geçirdi. Umytlanan “Real” ýokarky toplaryň şasy hasaplanýan Serhiýo Ramosdan ýardam pasyny alan Karlos Kazemiro deňme deňligi gazandyrdy.  Bu toparda çykyş eden “Şahtýor-Inter” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk 0-0 hsaby bilen tamamlandy.

“C” toparyň duşuşyklary

Fransiýanyň “Marsel” futbol topary “Oranj Welodrom” stadionynda Gwardiolanyň “Mançester Siti” toparyny kabul etdi. Duşuşyk örän gyzykly geçdi we toparlar garşylykly hüjümleri geçirdiler. Oýnuň 18-nji minutynda Ferran Torres, 76-njy minutda Ilkaý Gündogan we 81-nji minutda Rahim Sterling geçiren gollary bilen “Mançester Siti” topary ýeňiş gazandy. Toparçanyň beýleki oýunda “Portu” futbol topary 11-nji minutda Fabiu Wieýra we 85-nji minutda Mareganyň geçiren gollary bilen 2:0 hasaby bilen ýrňiş gazandy.

“D” toparyň duşuşyklary

Angliýanyň çempiony bolmagy başaran “Liwerpul” futbol topary öz meýdançasynda “Midtýuland” futbol toparyny kabul etdi. Diogu Žota we Mohamed Salahyň geçiren gollary bilen duşuşykda 2:0 hasaby bilen ýeňiş gazandy. Italiýanyň “Atalanta” futbol topary bilen Niderlandrlaryň “Aýaks” futbol toparlary 2:2 deňme-deň oýnadylar.

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

 

 

Ýene-de okaň

Messi karýerasyny ABŞ-da dowam etdirip biler

Katar-2022: Messi ýoluna dowam edýär

Fransiýa pleý-off tapgyryna çykan ilkinji ýygyndy

Teswirle