TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Çempionlar Ligasy: Lewandowski taryha girdi

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň jogap duşuşyklary geçirildi. Onda Angliýanyň “Liwerpul” topary öz meýdançasynda Italiýanyň “Inter” toparyny kabul eden bolsa, Germaniýanyň “Bawariýa” topary öz meýdançasynda “Zalsburg” toparyny kabul etdi.

“LIWERPUL” ÝEŇILDI, ÝÖNE 1/4 FINALA ÇYKDY

Angliýanyň “Liwerpul” topary öz meýdançasynda Italiýanyň “Inter” toparyny kabul etdi. “Inter” topary myhmançylykda 1:0 hasabynda ýeňdi. Ýöne  öz meýdançasynda “Liwerpul” toparyna 2:0 hasabynda ýeňlendigi üçin 1/4 finala çykyp bilmedi.

“BAWARIÝA” ÝEŇDI WE LEWANDOWSKI REKORD GOÝDY

Germaniýanyň “Bawariýa” topary öz meýdançasynda “Zalsburg” toparyny kabul etdi. Bu iki toparyň arasyndaky ilkinji duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlanypdy. Ýöne jogap duşuşygy beýle bolmady. “Bawariýa” ýene-de güýçlüdigini görkezdi. Garşydaş toparyň derwezesinden 7 pökgi geçirdi.

Soňky döwrüň ýyldyz futbolçysy Robert Lewandowski duşuşygyň 12-nji, 21-nji we 23-nji minutlarynda geçiren gollary bilen Çempionlar ligasynda iň çalt het-terik eden futbolçy boldy. Ol duşuşygyň eýýäm 23-nji minutyna çenli 3 gol geçirdi.

Mundan ozal, şeýle ýagdaý 1996-1997-nji möwsümde hasaba alnypdyr. Şonda “Milan” toparynyň futbolçysy Marko Simone “Rosenborg” toparynyň derwezesinden duşuşygyň 24-nji minutyna çenli 3 gol geçiripdi.

Şeýlelikde, Angliýanyň “Liwerpul” topary bilen Germaniýanyň “Bawariýa” topary 1/4 finala çykdy. Çempionlar ligasynyň 1/4 finalynyň bije çekilişigi 18-nji martda geçiriler.

 

9-njy mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

“Bawariýadan” rekord: 11-nji gezek yzly-yzyna çempion boldy

«Arkadag» futbol topary 24 utuk toplady

Türkmenistanyň Aziýa Kubogy-2024-däki garşydaşlary belli boldy

Teswirle