TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Çempionlar ligasy: “Leipsig”, “PSŽ” we “Lasio” indiki tapgyra çykdy

Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynda, bu hepdede jemleýji 6-njy tapgyryтyň oýunlary geçirilip dur. Bu tapgyrdan soňra käbir toparlar bu möwsümde Çempionlar ligasy bilen hoşlaşmaly boldular. Şeýle hem bu tapgyr oýunlarda iki sany meşhur oýunçylar hem garşy-garşa geldiler. Düýnki geçirilen oýunlar hakda futbol janköýerlerini tanyşdyrýarys.

“Zenit 1:2 Borussiýa Dortmund”

Driussi 16’     Pişşek 68’

Witsel 78’

“Zenit” futbol topary üçin bu tapgyr kän bir ykbalyny çözmeýärdi. Emma topar özüniň ýerli meýdançasynda öz janköýerlerini ýeňiş bilen begendirmek isledi. Birinji ýarymda geçiren goly, topara uly ynam beripdi, emma ikinji ýarymda myhmanlar öz bar güýjüni orta goýdular. Üstünlik myhmanlaryň tarapynda boldy.

Lazio 2:2 Brýugge”

Korrea 12’                 Rud wormer 15’

Immobile 27’ (P)              Wanaken 76’

Duşuşykda gysga wagtyň dowamynda toparlar hersi garşylaýyn gollar bilen janköýerlerini begendirdiler. Meýdançada 39-njy minutda myhmanlaryň düzüminde çykyş edýän Sobol, eminden gyzyl petek alyp meýdançany terk etdi. Hat-da bu oýunda “Brýugge” topary ýeňiş gazanan bolsa onda pleý-off tapgyryna çykyp bilerdi. Häzirlikçe bolsa bu topar özüniň ýoluny Ýewropa ligada dowam etdirer.

“Barselona 0:3 Ýuwentus”

Ronaldo 13’ (P), 52’ (P)

Mak Kenni 20’

Dünýä belli oýunçy Messi, garşydaşyň derwezesine 7 gezek urgy geçiripdir,ýöne hiç haýsynda tapawutlanyp bilmedi. Beýle görkeziji Çempionlar ligasynda azyndan 17 ýyl bäri gaýtalanmandyr. Ronaldo bolsa Kamp Nou stadionyna geçiren soňky 13 oýunda “Barselona” toparyna 14 gezek gol geçiripdir. “Barselona” topary 2006-njy ýyldan bäri ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň toparynda 2-nji oruny eýeledi.

Çelsi 1:1 Krasnodar”

Jorjinýo 28’ (P)          Kabella 24’

Stamford Brij stadionynda geçirilen duşuşyk özboluşly gyzykly pursatlara baý boldy. Pleý-off tapgyryna çykan “Çelsi” futbol topary bu duşuşyga özüniň orta derejedäki oýunçylaryny çykardy. Bu ýerde bellemeli zatlaryň biri rus toparlarynyň arasynda “Krasnodar”  topary Çempionlar ligasyna ilkinji gezek gatnaşyp, beýleki rus toparlary bilen deňeşdirilende gowy netije görkezdi. Şeýle hem öz ýoluny Ýewropa ligada dowam etdirer.

RB Leýpsig 3:2 Mançester Ýunaýted”

Anhelino 2’         Bruno Fernandeş 80’ (P)

Haýdara 13’         Konate 82’ (Ö.d)

Kluýwert 69’

Germaniýanyň futbol topary duşuşygy öz meýdançasynda güýçli oýuny görkezdi. Hat-da myhmanlar bu oýundan ýaňa özlerine hem gelip bilmediler. Bu görkeziji bilen “Mançester Ýunaýted” futbol topary eýýäm 5 gezek Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgryna çykyp bilmeýärler. Bu oýuny tomaşa etmediklere oýunyň soňky 10 minudyny gaýtalap täzeden tomaşa etmegiňizi maslahat berýäris.

Dinamo Kiýew 1:0 Ferenswaroş”

Popow 60’

“Dinamo Kiýew” topary öz ýoluny Ýewropa ligada dowam etdirer, “Ferenswaroş” futbol topary bolsa Çempionlar ligasy bilen şu möwsümlik hoşlaşdy.

Renn 1:3 Sewilýa”

Rutter 86’ (P)                Kounde 32’

Ýusuf En-Nesri 45+2’, 81’

Bu toparda hemme zat bellidi. “Sewilýa” futbol topary eýýäm bu tapgyrdan öň, pleý-off tapgyryna çykmaga hukuk gazanypdy. Futbol analitikler “Sewilýa” toparyň düzüminde esasy düzümde çykyş edýän oýunçylary bolmaz diýip belläpdiler. Emma topary tälimçisi Lopetegu oýunçylaryna dynç almaga bermedi.

PSŽ Medipol Başakşehir

Bu duşuşykda geň galdyrjy ýagdaýlar bolup geçdi. Düýn geçirilmeli duşuşyk, käbir sebäplere görä, şu güne geçirildi.

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

 

 

 

Ýene-de okaň

Katar-2022: 1/8 finalyň ilkinji duşuşyklary belli boldy

Katar-2022: Niderlandlar we Senegal indiki tapgyra çykdy

Katar-2022: Braziliýa we Portugaliýa indiki tapgyra çykdy

Teswirle