TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Çempionlar ligasy: gyzykly duşuşyklara garaşylýar

Çempionlar ligasynda bu  hepde jemleýji 6-njy tapgyr geçiriler. Şondan soňra toparda birinji, ikinji ýeri eýelän toparlar pleý-off tapgyrynda çykyş ederler, üçünji orny eýelän topar bolsa Ýewropa ligasynda öz ýollaryny dowam ederler. Şeýle hem jemleýji tapgyrda dünýäde iki sany meşhur oýunçylaryň garşylaşmagyna garaşylýar. Elbetde, Ronaldo bilen Messi 2,5 ýyldan soňra ýene-de meýdançada garşylaşyp bilerler. Öňki gezek “Ýuwentus” toparynyň meýdançasynda geçirilen duşuşykda, Ronaldo toparyna kömek edip bilmedigini ýatladýarys. Biz bolsa ýurdumyzyň futbol janköýerlerini Çempionlar ligasynyň soňky 6-njy tapgyrda geçiriljek gyzykly oýunlary bilen tanyşdyrmagymyzy makul bildik.

Sişenbe güni geçiriljek Çempionlar ligasynyň duşuşyklaryň tertibi:

“Zenit – Borussiýa Dortmund” (22:55 Aşgabat wagty bilen)

“Lazio – Brýugge” (22:55)

“Barselona – Ýuwentus” (01:00)

“Çelsi – Krasnodar” (01:00)

“RB Leýpsig – Mançester Ýunaýted” (01:00)

“Dinamo Kiýew – Ferenswaroş” (01:00)

“PSŽ – Medipol Başakşehir” (01:00)

“Renn – Sewilýa” (01:00)

Çarşenbe güni geçiriljek Çempionlar ligasynyň duşuşyklaryň tertibi:

“Mitjiland – Liwerpul” (22:55)

“Aýaks – Atalanta” (22:55)

“Bawariýa – Lokomotiw Moskwa” (01:00)

“Real Madrid – Borussiýa Mýunhengladbah” (01:00)

“RB Salzburg – Atletiko Madrid” (01:00)

“Mançester Siti – Marsel” (01:00)

“Inter – Şahtýor” (01:00)

“Olimpiakos – Porto” (01:00)

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

 

 

 

Ýene-de okaň

Garri Keýnden taryhy “gol”

Konor Makgregor dolanyp gelýär

Ronaldo täze toparyndaky ilkinji goluny geçirdi

Teswirle