TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Çempionlar ligasy: “Çelsi” üçin kyn bolan 10 minut

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/4 final tapgyrynyň jogap duşuşygynda Ispaniýanyň “Real Madrid” topary öz meýdançasynda Angliýanyň “Çelsi” toparyny kabul etdi. Bu toparlaryň arasyndaky ilkinji duşuşykda “Real Madrid” myhmançylykda “Çelsini” 3:1 hasabynda utup, arkaýynlaşypdy.

Emma jogap duşuşygynda “Real Madrid” topary tas ýeňlipdi. “Çelsi” topary myhmançylykda oýnaýandygyna garamazdan, 15-nji minutda Mauntyň, 51-nji minutda Rýudegeriň hem-de 75-nji minutda Werberiň gollary bilen 3:0 hasabynda öňe geçdi.

Duşuşygyň tamamlanmagyna 10 minut galdy. Galan 10 minut “Çelsi” üçin örän kyn geçdi. 80-nji minutda “Realdan” Rodrigo hasaby 3:1 etdi. 96-njy minutda bolsa, Benzema hasaby 3:2 edip, “Realyň” soňky 12 möwsümde 10-njy gezek ýarym final tapgyryna çykmagyna mümkinçilik berdi.

 

Çempionlar ligasy: garaşylmadyk netije

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanly tennisçiler Özbegistanyň ýygyndysyny taryhy ýeňiş bilen utdy

Bellingem “Real” toparyna geçdi

43 ýyldan soňra kubok gazandy

Teswirle