TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Çempionlar ligasy: “Barselona – PSŽ”

Şu gün UEFA guramasynyň Nýon şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda, Çempionlar ligasynyň 1/8  final tapgyryna çykan toparlaryň nobatdaky gezek bijeleri çekildi. Bu bije çekilişige toparlaýyn tapgyryň 8 sany topar ýeňijileri we ikinji orunda ýerleşen 8 sany toparlar gatnaşdylar.

Öz toparlarynda ýeňiji bolan toparlar:

“Real Madrid”(Ispaniýa), “Bawariýa” (Germaniýa), “Mançester Siti” (Angliýa), “Liwerpul” (Angliýa), “Çelsi” (Çelsi), “Borussiýa Dortmund” (Germaniýa), “Ýuwentus” (Italiýa), “PSŽ” (Fransiýa).

Öz toparlarynda ikinji oruny eýelän toparlar:

“Atletiko Madrid” (Ispaniýa), “Borussiýa Mýünhengladbah” (Germaniýa), “Porto” (Portugaliýa), “Atalanta” (Italiýa), “Sewilýa” (Ispaniýa), “Lasio” (Italiýa), “Barselona” (Ispaniýa), “RB Leýpsig” (Germaniýa).

Çempionlar ligasynyň 2020/2021 möwsüminde geçiriljek 1/8 final duşuşyklaryň tertibi:

“Borussiýa Mýünhengladbah – Mançester Siti”

“Lasio – Bawariýa”

Atletiko Madrid – Çelsi”

“RB Leýpsig – Liwerpul”

“Porto – Ýuwentus”

“Barselona – PSŽ”

“Sewilýa – Borussiýa Dortmund”

“Atalanta – Real Madrid”

Toparynda ýeňiş gazanan toparlar özüniň jogap oýnuny öz meýdançasynda geçirerler. Çempionlar ligasynyň1/8 final duşuşyklaryň birinji oýunlary 16, 17, 23, 24-nji fewralda, jogap oýunlary bolsa 9, 10, 16, 17-nji fewralda geçiriler. Çempionlar ligasynyň 2020/2021 möwsüminiň final duşuşygy bolsa Türkiýäniň Istanbul şäherinde geçiriler.

3 ÝYL MUNDAN OZALKY DUŞUŞYK

2017-nji ýylda hem “Barselona – PSŽ” toparlary duşuşypdy. 14-nji fewraldaky duşuşykda Fransiýanyň “PSŽ” topary öz meýdançasynda “Barsleonany” 4:0 hasbaynda utupdy. jogap duşuşygy bolsa, 8-nji martda geçirilip, “Barselona” topary hyýala hem getirip bolmajak ýeňiş gaznaypdy. 6:1 hasabyndaky utuş, “Barselonany” nobatdaky tapgyra çykarypdy. Bu hasap, Çempionar ligasynyň taryhynda öz ornuny aldy. Şol döwürde braziliýaly Neýmar “Barselonanyň” düzüminde oýnan bolsa, häzir ol “PSŽ”-niň düzüminde çykyş edýär.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

Garri Keýnden taryhy “gol”

Konor Makgregor dolanyp gelýär

Ronaldo täze toparyndaky ilkinji goluny geçirdi

Teswirle