TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Çempionlar ligasy: “Atalanta”, “Real” ýeňiş gazandy

Çempionlar ligasynyň 4-nji tapgyr oýunlarynyň netijeleri bilen tanyşdyrýarys.

“Borussiýa Mýunhengladbah 4:0 Şahtýor”

Lars Ştindl 17’ (P)

Niko Elwedi 34’

Embolo 45+1’

Oskar Wendt 77’

“Borussiýa Mýunhengladbah” futbol topary, çempionlar ligasynyň bu möwsüminde janköýerleri haýrana goýdy. Sebäbi “B” toparda Real Madrid we Inter ýaly güýçler toparlarda barka, häzirki wagtda gazanan 8 utugy bilen toparda birinji oruny eýeläp gelýär.

“Olimpiakos 0:1 Mançester Siti”

Fil Foden 36’

“Mançester Siti” futbol topary myhmançylykda örän ýokary depginde çykyş etdi. Birinji ýarymda hasaba Fil Foden açdy we şunuň bilen “Mançester Siti” futbol topary eýýäm pleý-off tapgyryna çykmagy başardy.

“Marsel 0:2 Portu”

Zaidu Sanusi 39’

Sergio Oliweýra 72’ (P)

Bu duşuşyk örän çekeleşikli boldy. Toparlar birek-bireg bilen gaty howply oýun geçirdiler. Oýunyň 67’ minutynda “Portu” futbol toparynyň oýunçysyMarko Grujiç, soňra bolsa 70’minutda “Marsel” futbol toparynyň oýunçysy Balerdi gyzyl petek alyp meýdançany terk etdiler.

“Liwerpul 0:2 Atalanta”

Josep Iliçiç 60’

Robin Gosens 64’

“Liwerpul” futbol topary öz meýdançasynda soňky iki ýylyň dowamynda ýeňişe sezewar boldy. Oýunyň dowamynda garşydaş toparynyň derwezesine bir gezek howply pursat döredip bilmedi.

“Aýaks 3:1 Midtýuland”

Grawenberh 47’         Mabil 80’ (P)

Mazraui 49’

Neres 66’

Duşuşygyň goşmaça 90+1’ minutynda myhmançylyk edýän toparyň oýunçysy Swiatçenko gyzyl petek alyp meýdançany terk etdi.

“Inter 0:2 Real Madrid”

Eden Hazard 7’ (P)

Aşraf Hakimi 59’ (Ö.d)

Bu tapgyryň merkezi oýuny Milan şäherinde geçirildi. Janköýerler bu duşuşyga sabyrsyzlyk bilen garaşdylar. Oýunyň  33’ minutynda Arturo Widal, emin bilen jedelli gürüňleri geçirendigi üçin has takyk bolsa 7 sekuntda iki sary we gyzyl petek alyp meýdançany terk etdi. Üç sany toparda (Bawariýa, Barselona, Inter) çykyş edip gyzyl petek alyp, Çempionlar ligasynyň taryhynda üçünji oýunçy boldy.

“Bawariýa 3:1 Zalsburg’

Lewandowski 42’       Berişa 73’

Koman 52’

Sane 68’

“Bawariýa’ futbol topary pleý-off tapgyryna çykmaga başaran ýene bir topar boldy.

“Atletiko Madrid 0:0 Lokomotiw Moskwa”

“Lokomotiw Moskwa” futbol toparynyň beýleki rus toparlarynda tapawudy, olaryň pleý-off tapgyryna çykmak mümkinçiligi bar. Madrid şäherine olar deňme-deňligi gazandylar. Bularyň derwezesine ýer eýeler topary 20 gezek urgy geçirdi. Bu toparda “Lokomotiw Moskwa” topary üçünji orunda barýar.

 

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

 

Ýene-de okaň

Garri Keýnden taryhy “gol”

Konor Makgregor dolanyp gelýär

Ronaldo täze toparyndaky ilkinji goluny geçirdi

Teswirle