SPORT

Çempion “Baýer” topary – statistika, rekordlar we gahrymanlar

119 ýyl mundan ozal döredilen “Baýer” topary Germaniýanyň futbol çempionatynyň taryhynda ilkinji gezek çempion boldy. Bu topar soňky gezek çempionatda 31 ýyl mundan ozal kubok gazanypdy. Ol hem Germaniýanyň kubogy bolupdy.

Ispan tälimçi Habi Alonsonyň şägirtleri 43 duşuşykda ýeňilmän, Germaniýanyň çempiony boldy. 

Çempion bolan toparyň statistikalary, rekordlary we gahrymanlary:

  • “Baýer” topary Ýewropanyň öňdebaryjy 5 ligasynda 2023/2024-nji möwsümde hiç bir duşuşykda ýeňilmedi.
  • Häzirki wagtda toparyň hasabynda ähli ýaryşlarda 38 ýeňiş we 5 deňme-deň oýun hasaba alyndy. German topary Italiýanyň “Ýuwentus” toparynyň 2011/2012-nji ýylyň möwsümindäki 42 ýyllyk rekordyny täzeledi.
  • German topary ilkinji gezek bir möwsümde 74 gol geçirdi.
  • Topar 29 duşuşykda 19 gol geçirdip, Germaniýanyň çempionatynda bu ugurda hem uly üstünlik gazandy.
  • “Baýer” topary Ýewropada utuk jemlemekde iň ökde topar boldy. Toparyň her bir duşuşyk başynda jemlän baly ortaýa 2,71-e deňdir.
  • Topar ýene-de 5 duşuşykda gazanjak üstünlikleri bilen rekordlaryň üstüni ýetirer.
  • Eger topar galan 5 oýnunda hem ýeňilmedik halatynda, Germaniýanyň “Bundesliga” çempionatynda bir möwsümde hiç bir duşuşykda ýeilmedik ilkinji topar bolar.

Toparyň üstünligine goşant goşan futbolçylaryň biri hem Granit Jaka. Ozal Angliýanyň “Arsenal” toparynda oýnan, şweýsar futbolçy topardaşlarynyň gol geçirmegine iň köp kömek beren futbolçylaryň biri boldy.
Şeýle hem toparyň goragçylary Alehandro Grimaldo we Žeremi Frimpong toparyny goldan halas eden hem-de topardaşlarynyň gol geçirmegine kömek eden esasy futbolçylar boldy.

 

Ýene-de okaň

Mbappe: men bagtly oglan, “Realda” oýnamak arzuwym hasyl boldy

Ata Watan Eserleri

Garet Sautgeýt Angliýanyň tälimçisi wezipesinden gitdi

“Real Madrid” topary Kilian Mbappeni tanyşdyrdy

Ata Watan Eserleri

Messi iň köp kubok gazanan futbolçy boldy

“Zenit” topary 5-nji gezek Russiýanyň Superkubogyny gazandy

Türkmen türgenleri 6 aýda 361 medal gazandy