TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

“Çelsi” we “Leýpsig”: täze tälimçiler bellendi

Angliýanyň “Çelsi” topary ozalky tälimçisi Tomas Tuheli wezipesinden boşadandan soňra onuň ýerine “Braýton” toparynyň tälimçisi Grem Potter bilen şertnama baglaşdy. Munuň üçin “Braýton” toparyna 21 million funt-sterling öwez tölegi tölär.

47 ýaşyndaky Grem Potter ähli kömekçileri bilen “Çelsi” toparyna geçdi. Onuň bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşyldy.

Germaniýanyň “Leýpsig” topary hem täze tälimçisini saýlap aldy. Bu topar ozalky tälimçisi Domeniko Tedeskony şowsuz oýunlardan soňra wezipesinden boşadypdy. Onuň ýerine Marko Roze bilen şertnama baglaşyldy.

45 ýaşly nemes hünärmeni 2024-nji ýylyň iýunyna çenli bu topara tälim berer. Rose ozal, “Red Bul Zalsburg”, “Borussiýa Menhengladbah” we “Borussiýa Dortmund” toparlaryna tälim beripdi.

Ýene-de okaň

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Messi ilkinji üçlükde

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Teswirle