TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

“Çelsi” topary “Barselonanyň” ýaş ýyldyzy bilen gyzyklanýar

Angliýanyň “Çelsi” topary Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň ýaş ýyldyzy Gawi bilen gyzyklanýar. Sport neşirleriniň habar bermegine görä, Londonyň topary 18 ýaşyndaky ispan futbolça uly möçberli şertnama teklip etmegi meýilleşdirýär. Gawi kabul eden halatynda ol iňlis toparynyň iň köp hak tölenýän futbolçysy bolar.

Iňlis toparynyň sport boýunça direktory Kristofer Wiwelliň ispan futbolçynyň wekli Iwan de la Penýa bilen Madrid şäherinde duşuşandygy, bu ugurda gepleşikleriň dowam edýändigi bellenildi.

“Çelsi” toparynyň eýesi ämerikaly işewür Todd Bouliniň hem gatnaşmagynda ikinji bir gepleşik duşuşygy geçirilip, oňa futbolçynyň hossarlarynyň hem çagyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem “Çelsi” topary baş tälimçi hökmünde Luis Enrike bilen şertnama baglaşmagy meýilleşdirýär. Gawiniň hem ispan tälimçi bilen işleşmäge gyzyklanma bildirmeginiň mümkindigi aýdylýar.

Ýene-de okaň

Messiniň rekordy, Ronaldo kuboksyz galdy

Messi 43-nji kubogyny gazandy

Messili “PSŽ” topary çempion boldy

Teswirle