TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

“Çelsi” Koutinýony satyn alyp bilermi

Angliýanyň “Çelsi” topary Ispaniýanyň “Barselona” toparyndan Felippe Kountinýony kärendä almakçy. Londonlylar häzirki wagtda bu hakda “Barselona” topary bilen gürrüñdeşlik geçirýär. Taraplar ilki kärende hökmünde soñra bolsa satyn almak şerti bilen ylalaşyga gelerler. “Barselona” tarapy şertnama hökmany satyn almak punktyny goşmak isleýärler. Ýöne “Çelsi” topary bu görnüşe gyzyklanma bildirmeýärler.

Häzirki wagtda Koutinýo “Bawariýa” toparynda kärende hökmünde çykyş edýär. Mýunhenliler bu oýunçyny satyn almak islemeýärler

Ýene-de okaň

Çempionlar ligasy: Messiniň nobatdaky rekordy

Alonso “Baýer” toparyna tälim berer

Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

Teswirle