TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

“Çelsi” futbol toparynyñ doglan güni

10-njy mart Angliýanyñ “Çelsi” futbol toparynyñ doglan günüdir. “Çelsi” futbol topary 115 ýyl mundan ozal, ýagny 1905-nji ýylyñ 10-njy martynda esaslandyrylypdyr. Ozal toparyñ ady “Ýokary galýan gün” diýip atlandyrylypdyr. Topar “Premýer liganyñ” kubogyny 6 gezek, Angliýanyñ naýbaşy kubogyny 8 gezek, Angliýanyñ liga kubogyny 5 gezek gazandy. Şeýle hem “Çelsi” topary 2012-nji ýylda UEFA-nyñ Çempionlar ligasyny we UEFA-nyñ Ýewropa ligasyny gazanan güýçli toparlaryň biridir. 2003-nji ýylda “Çelsi” toparyny russiýaly milliarder Roman Abramowiç satyn aldy.  Rus işewüriniň iňlis klubyny satyn almak üçin sarp eden mukdary takmynan 140 million funt boldy.

Ýene-de okaň

Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna badalga berildi

Türkmen türgenleri Özbegistanda 11 medal gazandy

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Teswirle