TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Çehiýada “Covid-19” çäklendirmeleri ýatyryldy

Çehiýada Wekiller palatasy pandemiýa kanunyna  üýtgetmeler girizdi we ýurtda ulanylýan “Covid-19” çäklendirmeleriniň ählisini ýatyrdy.

Ýurtda hereket edýän pandemiýa kanunyna teklip edilýän üýtgetmeler 200 orunlyk Wekiller palatasynda sese goýuldy. Kanuna girizilen üýtgetmeler bilen ýurtda mundan ozal ýapyk ýerlerde we jemgyýetçilik ulaglarynda aradan aýrylan agyz-burun örtügini dakynmak zerurlygy hassahana, dermanhana, garrylar öýi we beýleki ähli saglyk edaralarynda hem ýatyryldy.

Çehiýanyň saglygy goraýyş ministri Wlastimil Walek:“Örtük dakynmak zerurlygyny aýyrdyk, ýöne örtük dakynmak biziň üçin gaty gowy gorag çäresi. “Covid-19”-yň henizem adamlara howp salmak mümkinçiliginiň bardygyny ýatdan çykarmalyň. Şol sebäpli hemmeleri sanjym etmäge çagyrýaryn “-diýip belledi.

 

Gresiýanyň çempiony – “Olimpiakos”

Ýene-de okaň

Oktýabr aýy: Türkmenistan-Türkiýe aralygynda 30 uçar gatnawy

Stambulda Biometrik pasportlaryň möhletiniň uzadylmagy dowam edýärmi?

Baş Redaktor

Lukmançylyk ugry boýunça Nobel baýragy gowşuryldy

Teswirle