TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Çawuşogly: Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklarymyzy ösdüreris

Türkiýe Respublikasynda saparda bolan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary we daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe duşuşyklar geçirdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary we daşary işler ministri Raşid Meredow saparynyň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşdy.

Türk metbugatynyň habaryna görä, Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini belläp, 2 milliard dollara ýetendigini belledi. Türk ministri bu görkezijiniň 5 milliard dollara ýetirilmegi üçin tagalla ediljekdigini mälim etdi.

Çawuşogly türk potratçylyk kompaniýalarynyň Türkmenistanda umumy bahasy 50 milliard dollarlyk 1000-den gowrak taslamany durmuşa geçirendiklerini belläp, Türkmenistanda täze şäherleriň gurulýandygyny aýdyp, bu taslamalarda hem türk kompaniýalarynyň orun alyp biljekdigini belledi.

Çawuşogly ulag we logistika, şeýle hem energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ähmiýet beriljekdigini mälim etdi.

Türk ministri bilim we medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda tagalla edilýändigini belläp, halkara maglumat howpsuzlygy ugry boýunça ylalaşyk baglaşmak babatda özara pikir alşandyklaryny belledi.

Çawuşogly Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna synçy agza bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanyň bu guramanyň doly hukukly agzasy bolmagy arzuw edýändiklerini mälim etdi.

Türk ministri öz kärdeşini 2023-nji ýylyň aprelinde geçiriljek Antaýla diplomatiýa forumyna gatnaşmaga çagyrandygyny hem belledi.

Ýene-de okaň

Türk kompaniýasy tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyryna gatnaşmakçy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň energetika ulgamyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara roud-şou geçiriler

“Dragon Oil” kompaniýasyna maýa goýum teklipleri hödürlendi

Teswirle