BIZNES

“Cash back” hyzmatyny ulanmak – gaýtargyňy artygy bilen yzyna almak

Sanly ykdysadyýetiň ösmegi netijesinde, nagt däl görnüşindäki hasaplaşyklary etmek boýunça ýurdumyzda hyzmat edýän banklar birnäçe ýeňillikleri we hyzmatlary öz müşderilerine hödürleýärler.

Häzirki döwürde Türkmenistanda hereket edýän “Halkbank” döwlet täjirçilik banky, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik banky hem-de “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky müşderilerine “Cash back” hyzmatyny hödürläp başladylar. Banklaryň bu hyzmatynyň nagt däl hasaplaşyklar üçin yzyna sylag hökmünde berýän pul möçberi biri-biriniňkiden tapawutlydyr. “Türkmenistan” döwlet täjirçilik banky öz müşderilerine sylag hökmünde yzyna gelýän puluň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň öz müşderilerine yzyna berýän pul sowgadynyň möçberi 0,5 % göterime deň bolýan bolsa, “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň bu görkezijisi 1,5 göterime deňdir. “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky bolsa “Master-Card” Maestro” plastik kartyny ulanýan müşderileri üçin tölegiň möçberiniň 3 göterimini yzyna gaýtaryp berýär.

Şeýle hem “Türkmenistan” döwlet täjirçilik banky talyp haklary, esger haklary hem-de döwlet kömek pullary geçirilýän “Altyn asyr” bank kartlary boýunça “Cash back” hyzmatynyň pul sowgady 1 göterime deňdir.

«Cash back» hyzmaty ilkinji bolup ABŞ-da 1986-nji ýylda ulanyp başlandy. ABŞ-nyň “Morgan Stanley” kompaniýasynyň bir bölümi tarapyndan programmasy  işlenip düzüldi.  “Cash back”  hyzmatynyň türkmen dilinde terjimesi “Cash” – nagt, “back” – bolsa “yzyna” ýagny “yzyna nagt gaýtarmak” diýen manyny aňladýar.

Ýene-de okaň

“Turan.app” – türki dünýäsiniň maliýe goşundysy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Germaniýanyň söwda dolanyşygy 305 million dollara deň boldy

Türkmenistan bilen Özbegistan ulag ulgamyndaky resminama dolanyşygyny sanlylaşdyrýar

“Rönesans” kompaniýasy Aşgabatda söwda merkezini gurar

Türkmenistanyň maýa goýum forumy we ugurdaş sergisi geçiriler

Türkmenistan “CASCA +” halkara multimodal geçelgesiniň döredilmegine işjeň gatnaşýar