TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

“Calvin Klein” markasy barada maglumat

“Calvin Klein” markasy 1968-nji ýylda moda dizaýneri Kalwin Klein tarapyndan döredildi.

Kalwin Klein 1942-nj ýylda New Ýorkda dünýä inýär. Çagalyk ýyllaryndan  moda bilen gyzyklanyp başlaýar. Ol 20 ýaşyndaka New Ýorkdaky “Fashion Institute of tehnology” uniwersitetini tamamlaýar. Ol soňra çyzgy çyzmak bilen meşgullanyp, ýewropadan täsiri astynda özüne mahsus täze çyzgylary bilen meşhurlyga eýe bolýar. 26 ýaşyndaka “Calvin Klein” markasyny döredýär.

1973-nji ýylda öz çyzgylary bilen öndüren sport egin-eşikleri, dürli biçüwdäki eşikler bilen amerikaly zenanlaryň göwnünden turmagy başarýar.

1980-nji ýyllarda öz kompaniýasynda äýnek , sagat hem öndürip üstünlige tarap ýol açýar. Şol ýyllarda Kalwin Klein Amerikada iň meşhur markalaryň birine öwrüldi.

Kalwin Klein Parižde, Dubaýda, Singapurda we dünýäniň ösen şäherlerinde öz magazynlaryny açýar.

Ol 1999-njy ýylda kompaniýany satmaga hyýallandy, emma bu islegi amala aşmady.

2002-nji ýylda “Calvin Klein’ kompaniýasy Phillips Wan Housene satyldy.

 

Milletler Ligasy finaly: Ispaniýa-Fransiýa

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda metanol önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistan konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşyga goşular

Ulag boýunça türkmen-rus topary dörediler

Teswirle