TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Çalt garramagymyzyň ýene bir sebäbi…

Ispaniýanyň Nawarra uniwersitetiniň alymlary çalt garramagyň ýene bir sebäbini anykladylar ― diýip, «La Vanguardia» neşiri ýazýar.

57 ― 91 ýaş aralygyndaky 886 adamda geçirilen barlaglar gaýtadan işlenen önümlerden taýýarlanan iýmitleriň we içgileriň adamy has çalt garradyp biläýändigini görkezdi. Olar bilen günüň üç wagtynda-da naharlanmak bolsa beden öýjükleri üçin has howpludyr. Olar öýjüklerdäki telomeralaryň sanyny azaldýar. Adatça, telomeralar ýaşyň gartaşmagy bilen azalmaly, ýöne gaýtadan işlenen önümleriň olar has basym azalmagyna, şeýdip hem çalt garramagymyza sebäp bolýar.

Gaýtadan işlenen önümler hökmünde gazlandyrylan we alkogolsyz içgiler, süýtli kokteýller, gaýtadan işlenen et önümleri (şöhlat, gamburger) we pissalar degişlidir. Düzümine himiki usulda reňk berlen önümler bolsa saglygymyz üçin has zyýanlydyr.d

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hazarýaka döwletleri bilen ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýar

Moskwada II Hazar ykdysady forumy geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti hatyra çäresine gatnaşdy

Teswirle