13-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň çäklerinde ilkinji gezek geçirilýän “Çalsana bagşy” atly bäsleşiginiň jemi jemlenildi.
Owazgeldi Pälwanowyň “Nowgül”, Öwezgeldi Orazowyň “Köne güzer”, Bäşim Ýolamanowyň “Näzli ýar”, Hojaguly Hojagulyýewiň “Özge gerekmez”, Täzegül Atajanowanyň “Kerem geldi”, Rahym Arazgeldiýewiň “Daglar”, Haýtmyrat Illiýewiň “Gözüm düşdi”, Rozygül Nurmedowanyň “Teşnit”, Omar Şiriýewiň “Gel, Arzygül görşeli”, Maksat Gurbanowyň “Uýat eýleýir” ýaly halk aýdymlaryny ýerine ýetirmekleri uly şowhun bilen garşylandy.
Şeýle-de bäsleşige gatnaşyjylaryň “Görogly” şadessanyndan, “Asly-Kerem” dessanyndan, nusgawy şahyrlarymyz Magtymguly Pyragynyň, Mollanepesiň, Seýitnazar Seýdiniň döredijiliginden ýerine ýetirilen halk aýdymlary emin agzalarydyr tomaşaçylaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy.
Bäsleşigiň netijesi boýunça ýeňijilere hormatly Prezidentimiziň altyn zynjyry we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
- Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň türkmen sazy kafedrasynyň mugallymy Murat Aşyrow;
- Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Jemagat-hojalyk kärhanasynyň «Laçyn» tans-saz folklor toparynyň birinji derejeli artist-wokalisti Öwezgeldi Amanow;
- «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar» müdirliginiň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» folklor toparynyň 1-nji derejeli artisti Owazgeldi Pälwanow;
- Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Döwlet Daňatarow;
- Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Hojaguly Hojagulyýew, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň bagşy hünäriniň talyby Täzegül Atajanowa;
- Balkan welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Amangeldi Durdyýew;
- Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Mekan Jumageldiýew;
- Lebap welaýatynyň Halaç etrap medeniýet bölüminiň çeper höwesjeňi Haýtmyrat Illiýew;
- Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň dutar mugallymy Gurban Çaryýew;
- Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň türkmen sazy hünäriniň talyby Ogulnabat Berdiýewa;
- Mary welaýat Medeniýet müdirliginiň Oguz han etrap çagalar sungat mekdebiniň bagşy hünäriniň mugallymy Omar Şiriýew.