TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLERTESWIRLER

Çaganyň özüne ynamyny nähili kemala getirmeli?

YNAM, özüňe ýa-da kesekilere ynanmak ýaşaýyş durmuşymyzda köp zady kesgitleýär. Maşgala, sosial gatnaşyklary ýola goýmakda özüňe hem birek -birege ynanmagyň möhüm orny bar. Üstünlikleriň başlangyjy tötänleýin şowlulyklardan däl, eýsem özüňe ynamdan başlanýandygyny hem  köpimiz bilýäris. Şeýlelikde, özüne ynanmak duýgusyny çagalykdan kemala getirmek körpäniň geljegi üçin üns berilmeli terbiýedir.

Perzendiniň çagalar bagyna gatnap başlandan sagdyn ruhly, başarjaň, sowatly, terbiýeli bolmagyny ene-atalaryň ählisi isleýär we olar üçin zerur şertleri döretmek barada alada edýärler. Ýöne çaga ukyplarynyň, gylyklarynyň köpüsi öýden, heniz ene gujagyndan, ene garnyndan başlanýar.

Olarda özüne, öz güýjüne ynamy terbiýelemäge üns bermek hem geljekde sizi guwandyrjak çagalaryň ýetişmegine oňyn täsir etjegi ikuçsyzdyr. Bu näme üçin zerur?! Durmuşda özüňe aşa ynanmak hem, özüňe ýeterlik derejede ynanmazlyk hem başyna baran işiň şowsuz tamamlanmagyna getirýär. Şonuň üçin hem  ähli zatda bolşy ýaly, bu terbiýede hem deňligi saklamak gerek. Bu babatda ene-atalaryň üns bermeli hereketleri.

Eliňizde göteriň.

Elde götermek bäbeklik durmuşynda iň möhüm zatdyr. Köpler: “Çaga ele öwrenişse ýerde ýatasy gelenok” diýip, mümkin boldugyça az ele almaga çalyşýarlar. Emma olar ele alynmak isleýändiklerini aglap duýdurýarlar. Bäbek ilkinji aýdan ejesini özi üçin iň uly “dünýä” hasaplaýar. Şu nukdaýnazardan hem, “Dünýä meni söýýär, ol Men hakynda alada edýär, ol Meniň dostum” diýen ynanç döreýär. Soňa-baka bu duýga ynam aňasty beýnide ornaşyp, bagtly, rahat we özüne ynamly adam bolup ýetişmegine täsir edýär . Aýak bitip, ejesiniň golundan düşenden soň, onuň doganlary ýa maşgala agzalarynyň elinden tutup gezdirmegi kiçijik ynsanda özüniň gerekligi hakynda ajaýyp ynamy formirleýär. Eger siz bäbeklikde çagaňyzy köp eliňizde göterseňiz, geljekde ol hem sizi “aýasynda saklar”. Bir zady unutmaň, “depäňe çykarmak” däl, hemişe çagaňyza eliňizi uzatmak hakynda aýdýarys.

Ony öwgüläň.

Çagalaryň psihikasy şeýle, ol özüni “älemiň merkezinde”, ýagny ähli zat özleri bilen bagly ýüze çykýandyr öýdýär. Eger howa bulaşaýsa-da, ejesi gaharlansa-da, daş-töweregi gohly-galmagally bolsa-da ähli zadyň sebäbi özüdir öýdýär. Şonuň üçin hem, çaga ýaramaz endik öwrenip, kemçilikleri ýa-da gowy niýetlerinden döreýän ýagdaýlar üçin ýygy-ýygydan käýelýän bolsa öz-özüni tankyt etmek (men gowy adam däl, meňki dogry däl) häsiýeti döreýär. Haçan-da ol ulalanda, bu duýgy öz-özüne pes baha beriş ýaly häsiýete öwrülýär.

Bäbeklikden saýlanan çaganyň dünýäni tanamagy we hemme zady öwrenmegi üçin öwgä mätäç. “Berekella”, “Akylyň öýi” ýaly sözler, elbetde, ýakymly, ýöne ony eden hereketi, ýa-da ýalňyşy üçin jikme-jik düşündirişli öwmek zerurdyr. Bu babatda psihologlar şeýle usullary salgy berýärler. Meselem, “Sen köwşüň bagjygyny özüň daňsaň, biz gijä galman ýetişýäs, hany bol daňaly”, “Sen ýerdäki ýapraklary çöplediňmi, sen nähili akyllyja, bu ýerini arasssaja edäýdiň-ä”, “Bäh, seň çeken dinozawryň gaty ullakan bolupdyr, edil hakyky ýaly edip çekipsiň-ä” we ş.m.

Çaganyň eden her bir dogry we ýalňyş hereketini manyly, jikmek-jik öwmek beýle aňsat iş hem däl. Çünki ýalňyş hereketi üçin ýerliksiz öwmeklik çagada geljekki egoistlik duýgusyny oýarýar. Şonuň üçin özüňiz bilen şeýle oýun oýnaň: bir tankyt üçin 7 öwgi pikirlen, ýuwaş-ýuwaşdan tapmagy öwrenersiňiz. Soňa-baka bu adaty işlerde hem endik bolup, çaganyň zähmete bolan höwesini artdyrýandygyna, özüniň ýalňyşy bilen dogrynyň aratapawudyna özi akyl ýetirmäge ukybynyň ösýändigine göz ýetirersiňiz.

Çagaňyz üçin hemme zat etmelidir öýtmäň.

Köplerde duşýan ýagdaý, bir işiň başyna baryp niresinden barjagyny bilmän aljyraýar, ýönekeý ýagdaýlarda-da ikirjiňlenip, kömege garaşýar. Çaganyň özbaşdak dogry hereket etmäge endik etdirilip ösmegi, geljegindäki duşjak meselelerden hem özbaşdak baş alyp çykmagyna ýardam edýär.  Meselem, ol oýnawaja tarap süýşenekleýär, almak üçin janykýar. Ol: “ony isleýär” diýip, eline tutdurmaň. Ýa-da geýimiň iligini dakmak üçin gaýta-gaýta synanyşýar, şonda “getir özüm dakaýyn” diýmejek boluň. Haýsy iş bolsa-da oňa biraz yhlas sarp etmäge pursat beriň. Soňunda gazanan “üstünligi” onda özüne ynamy kemala getirjekdir.

Käteler çagalaryň dökan-saçan edip iýýäni üçin, olaryň eline çemçe bermeýäris, özümiz agzyna tutup berenimizi kem göremzok. Ýogsa çaga çemçäni almaga, özbaşdak iýmäge şunça dyzaýaram. Emma haçanam bolsa bir wagt, çemçäni eline alyp iýmeli bolanda heniz çemçe tutup görmedik çaga bu hereketleri gaýtalar. Şonuň üçin çaga çemçesini ir beriň. Kän wagt geçmänkä, ol özüniň başaryp bilýänini size görkezer. Umuman, bu meselede siziň sabyrly bolmagyňyz, çagaňyzyň özbaşdak hereket etmegi öwrenmegine ýardam berer.

Öý işlerini çagaňyz bilen paýlaşmaga ýaltanmaň.

Öýde haýsydyr bir işe güýmenýän wagtyňyz,  hökman çaga bir ýanyňdan aslyşýar. Onuň eline güýmener ýaly zat berenimizi ýa-da mutfilm açyp berenimizi kem göremzok. Ýöne çaganyň siziň meşgullanýan  işiňiz baradaky bilesigelijiligini kanagatlandyrmasaňyz, ol barybir sizi “günüňize goýmaz”.

Öý işlerini edýän wagtyňyz, oňa-da bölüp beriň. Meselem, arassaçylyk işlerini etseňiz, eline kiçijik arassaja esgi bilen belli bir ýerini süpürmegi buýruň. Kitap okaýan bolsaňyz, onuňam eline galam bilen depder beriň. Hamyr edýän bolsaňyz, bir bölejik hamyry berip, gapdalyňyzda güýmenmegi tabşyryň we ş.m.

Jogapkärçiligi öwrediň.

Öýde her kimiň öz etmeli işi bolýar we şoňa görä-de her kim öz dynç alyş wagtyny sazlaýar. Çaganyň hem özüniň gün tertibi bolmaly. Hatda arassaçlygy berjaý etmegi, irki ýaşdan dişlerini ýuwmaga endik etdirmek onuň geljekki gylyklaryny kemala getirmekde binýatdyr. Çagalar üçin ýörite atyrlaryň bardygyny hem ýatlatmak isleýäris.

Umuman, durmuşda her bir işe başlamak  we ony üstünlikli tamamlamak özüňe ynanmakdan başlanýar. Bu barada töweregiňizde hemişe işi şowlaýan adamlardan sorap bilersiňiz…

Ýene-de okaň

Sport we ýaşlar

Türkmenistan iri halkara nebitgaz forumyna taýýarlanýar

Türkmen halky Garaşsyzlyk toýun toýlaýar

Teswirle