TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Çagalarymyzy nädıp dıňlemelı?

Ene-atalaryň uly bölegi çagalary bilen ýakyn aragatnaşyk saklap, bilmeýändiklerini nygtaýarlar. Çagalarynyň özleri bilen gürleşmeýändikleri üçin, soraglaryna jogap bermeýändikleri ýa-da ters jogap berýändikleri üçin çagalaryny urýan ene-atalar hem bar. Professor Gardan: “Köp adam başyna gelen kynçylyklary, şowsuzlyklary ýadyndan çykarmaga çalyşýar, şeýle edip bulardan dynyp boljakdygyny pikir edýärler. Emma bu düýbünden beýle däl. Bu şowsuzlyklar diňe başga birine gürrüň berilse, başga birine aýdylsa gutarar” diýýär. Ine, çagalarymyzyň içki duýgularyny, pikirlerini, çekýän kynçylyklaryny bize aýtmaklary üçin bize olary diňlemegi başarmaly. Çaganyň kellesini garyşdyrýan, ony bimaza edýän her hili düşünjelerini aýdyp biler. Şonuň üçin ene-ata hemme zada taýýar bolmaly. Çaga gaharlanman, onuň sözüni bölmän, olary üns bilen diňlemeli. Diňe şeýle edip biz çagalarymyz bilen dost bolup, olaryň içki dünýäsine aralaşyp bileris.

Çaganyň eje-kakasyna ýazan haty

    Mähriban ejem we kakam. Ähli duýgularymy, pikirlerimi beýan edip bilýän  bolsam, şu aşakdakylary beýan etmek islärdim. Ulaldygymça üýtgeşmelere gabat gelýärin. Siziň çagaňyz bolsamam, sizden üýtgeşik häsiýetlere eýe bolýaryn. Maňa düşüniň. Tejribeler bilen öwrenýärin. Maňa düşünmek kynrak bolup biler. Maňa oýunda, dostlarymda, işlerimde erkinlik beriň. Meni her ýerde her wagt gorap horlanmaň. Hereketlerimiň, işlerimiň netijesini özüm görjek. Bolmasa ulalandygymy nädip göreýin?! Ulular ýaly bolmak isleýän hem bolsam, käwagt çaga hereketlerini edýärin. Ýaşyma görä hereket etjek bolşumy görmediksirän bolup meni läligem etmäň. Islänimi alyp bilmejegimi bilýärin emma siz berseňizem alman durup bilemok. Maňa köp söz bermäň. Sözüňizde durup bilmeseňiz size bolan ynanjym azalýar. Maňa gönümel bolmakdan çekinmäň. Ýoldan çykyp ugradymmy, derrew edýän işlerimi çäklendiriň. Goýan düzgünleriňizi, eden gadaganlyklaryňyzy halamasamam hem, sebäbi beýle etmeseňiz kem taraplaryňyzdan peýdalanýaryn. Aýdanlaryňyzdan beter hereketleriňizi özüme endik edip alýaryn. Meni terbiýeleýän wagtyňyz goýberen ýalňyşlyklaryňyz meniň ýadymdan çykdy, emma  biri-biriňize goýýan hormatyňyz azalan wagtynda meni ýaralaýarsyňyz. Bir zat aýdýan wagtyňyz gaty gaty gygyrmaň, sebäbi ýumşak, göni sözler gowy yz galdyrýar. “Men seniň ýalykam …” diýip başlaýan gürrüňleri kellämde saklasym gelenok. Sähel ýalňyşlarym üçin kelläme kakmaň. Azajyk ýalňyşmaga rugsat beriň. Sähel ýalňyşym üçin “erbet çaga” diýmäň. Ilki meni doly diňläň, soňra bolsa eden işlerime görä jeza beriň. Meni diňläň. Sorag soran wagtym, bir zady çäksiz  bilesim gelýänligidir. Jogabyňyz az bolsun, uz bolsun. Menden başarjagymdan artyk zada hantama bolmaň. Emma edip biljek işlerimi gaýgyrtmaň. Maňa ynanjyňyz berkär. Maňa goldaw beriň, öwüň. Meni beýlekiler bilen deňeşdirmäň, bu meni umytsyzlyga düşirer. Maňa uly adam ýaly daraşmaň. Derrew tertip-düzgünli bolmagymy islemäň. Wagt beriň, men her wagt dogry sözlemän bilerin. Meni gyssap aljyradan wagtyňyz, men ýalan sözlemeli bolaryn. Köp aldatsamam sowukganly boluň. Gaharlanan wagtyňyz, boýnuma alyp ýüzümi aşak sallasam, siz beterleşäýmäň. Has hem başgalaryň ýanynda ýamanlamaň. Gereksiz ýere gaharlansaňyz, boýnuňyza alyň, ötünç soraň. Bu size bolan söýgimi azaltmaz, tersine köpelder. Men siziň bolşyňyzy bilýärin, siz özüňizi ýokary derejeli görkezmäge çalyşmaň. Muňa gynanaryn. Aslynda menden garaşýanlaryňyzyň kyn däldigini bilýärin. Eger ýokardaky aýdanlarym köp bolsa, azaldaryn. Emma meni bolşum ýaly kabul ediň. Menden “göreldeli” bolmagymy islemäň. Men hem sizden “ýalňyşsyz ene-ata bolmagyňyzy” islemen. Biri-birimize düşünip ýaşamagymyz ýeter. Siziň çagaňyz bolmak maňa bagly däldi. Emma saýlamak maňa bagly bolsa, ýene sizi saýlardym.

Çuňňur hormatlamak bilen, çagaňyz.

                                                                           Gülälek Söýeşowa

 

15-nji noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

Ýurdumyzyň dag-magdan senagaty işjeň ösdürilýär

1-nji oktýabr – Ýaşulularyň halkara güni

Ata Watan Eserleri

Teswirle