TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TESWIRLER

Çagalar sungat mekdebi okuwçylara garaşýar

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 5-nji çagalar sungat mekdebi 2020 — 2021-nji okuw ýyly üçin saz gurallarynyň dürli ugurlary we görnüşleri boýunça şu aşakdaky bölümlere zehinli okuwçylary okuwa kabul edýär.

  1. Türkmen milli saz gurallary (dutar, gyjak, bagşy), Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 10,11,12 ýaşyndaky çagalar.
  2. Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary (dep, klarnet, fleýta), Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 10,11,12 ýaşyndaky çagalar.
  3. Halk saz gurallary (akkordeon, gitara), Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 10,11,12 ýaşyndaky çagalar.
  4. Kirişli saz gurallary (skripka), Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 7, 8, 9 ýaşyndaky çagalar.
  5. Fortepiano, Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 7, 8, 9 ýaşyndaky çagalar.

Sungat mekdebinde okuwlar umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwyndan daşary okadylýar.

Resmi iş kagyzlary 2020-nji ýylyň maý aýynyň 26-syndan iýun aýynyň 6-sy aralygynda Bagyr Medeniýet öýünde kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: bellenilen nusga boýunça arza, dogluş hakyndaky şahadatnama (göçürmesi), 3х4 ölçegdäki 6 sany fotosurat, okaýan orta mekdebinden kepilnama, häsiýetnama, saglygy barada kepilnama, ata-enesiniň işleýän ýerinden kepilnama, ýaşaýan ýerinden kepilnama.

Okuwa kabul ediliş synagy 2020-nji ýylyň iýun aýynyň 7-sinden iýun aýynyň 11-i aralygynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 5-nji çagalar sungat mekdebinde geçirilýär.

Biziň salgymyz: Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň Gurtgeldi Öwezow köçesi, 2-nji jaý, Medeniýet öýi.

Ýene-de okaň

Türkmenlerde aýal-gyzlaryň sarpasy ýokarydyr

Dr. Berdi Saryyew

Üstünlik gazanmak isleýänleriň hökman okaýmaly makalasy

Baş Redaktor

Global energiýa sarp edilişi pese gaçdy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Teswirle