TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

“Çagalar Hukuklary” ulgamynda halkara sempozýum

Türkiýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Özýegin uniwersiteti tarapyndan Çagalar hukuklary ulgamynda halkara ylmy maslahat geçirildi. Hukuk ylymlarynyň doktory Döwran Orazgylyjowyň hem çykyşy bilen gatnaşan ylmy maslahata, Türkiýeden, Russiýa Federasiýasyndan, Germaniýadan,  Italiýadan, Eýrandan, Azerbaýjandan, Gresiýadan, Slowakiýa Respublikasyndan, Polşadan, Fransiýadan, Kıprdan we  Türkmenistandan hukukçylar gatnaşdylar. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan gatnaşan hukukçylar  öz ýurtlarynda çagalar hukugy baradaky kanunçylyk namalary barada maglumat berdiler.  Bu ylmy maslahat ikinji gezek geçirilýär. Geçen ýyl hem geçirilen şeýle ylmy maslahata Türkmenistandan Dr.Orazgylyjow gatnaşypdy.

23-nji aprelde Türkiýede gutlanylýan Çagalar güni bilen mynasybetli geçirilen çäre online görnüşde köp sanly diňleýjilere ýetirildi. Türkmenistandan gatnaşan Dr.Döwran Orazgylyjow, Türkmenistan hukugynda çagalara berilýän hukuklar, ýeňillikler barada maglumatlar berdi.

 

Ýene-de okaň

Wengriýa Türkmenistanyň tebigy gazyna gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan BMG-ä hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny döretmegi teklip etdi

Ata Watan Eserleri

TOPH gaz geçirijisi taslamasyny tizleşdirmek üçin Meýilnama gol çekildi

Teswirle