SIZDEN GELENLER

Çagakaň we ýaşlygynda birnäçe medeniýetleriň özara sazlaşygy

– O näme diýmek? Işi dogry ýerine ýetirmek we dogry işi ýerine ýetirmek?

– Ikisiniň arasynda ullakan bir tapawut bar. Adatça ilkisi, ýagny işi dogry ýerine ýetirmek ýerine ýetirijilere degişli. “Dogry işi etmek” ine, bu liderler üçin ulanylýar.

– Özbaşdaklykdan, öňe saýlanmak barada aýdýaňyz–da, şeýlemi?

–Elbetde, bu erkinlik, iş başarjaňlygy, strategiýa düzüp bilmek

–Durmuşyňyzda size ylham beren zenan barmy?

–Bar, biri aýalym, biri gyzym.

–Haýsy tarapdan ylham berýär?

–Meň durmuşym syýahat bilen geçýär. Aýalym çagalarymyzy wepadarlyk hem sabyrlylyk bilen terbiýeledi, maşgalada hemişe agzybirligi saklady. Gyzymdan nähili gatnaşyk açmalydygyny öwrenýän. Özbaşyňa iş ýöretmegiň usullaryny nähili ulanyşyna syn edýärin. Şu tarapdan gyzym maňa görelde bolup durýar. Çünki olam işe NewÝorkda ýeke özi girişdi.

Bu ynsanlary özüňiz saýladyňyzmy ýa nesibäňizden görýäňizmi? Ýagny aýalyňyzyň şeýle bolmagy siziň nesibäňizmi, ýa–da ýok, men asylam edil şeýle zenan isleýärdim, özüm saýladym diýýäňizmi?

–Nesibe! Hem–de örän haýyrly nesibe. Nesibe, mümkinçilik  aslynda her ýerde bardyr. Ýöne ýene–de dogry wagty, dogry ýerde duşmak has möhüm, meň pikirimçe.

Dogry wagt, dogry ýeri nädip bilmeli?

–Nesibe–dä.

–Siz şu kitapda orun alan şahslaň içinde maşgalanyň ýeke perzendi bolan ýeke–täk familiýasyňyz. Kiçilikden başlap özüňize örän ynamly bolmagyňyz şunuň bilen bagly zat bolup bilermi?

–Özlem hanym, meniň pikirimçe bu ýeke çaga bolmak bilen bagly bir zat däl. Özüňe ynanmak diýen zat 14–15 ýaşlarda döreýär ýa–da döremeýär. Ýagny şol ýaşlarda kemala gelýär.

Şol döwürde maşgalanyň, medeniýetiň, okuwyň roly örän möhüm. Emma bu birazajyk liderlik ýaly, liderlik sapagyny bereýin, lider ýetişdireýin diýen ýaly däl.

Elbetde, käbir dissiplinalary öwredip bilýäň, emma adatça öz içiňde bir güýç, töwekgelçilik etmek ynamy bolmaýan ynsanlara ony sapak bilen, ýa öwüt bermek bilen bolanok.

–Tersine bolup bilermi? Meselem, elimizde ajaýyp bir adam, ýa bir ýaş gyz bar. Emma biz irdenden agşama “Sen nämä düşünýäň, nämäni bilýäň?” diýe–diýe onuň potensialyny çüýredýäris. Şeýle bolup bilermi?

–Hawa, bolup biler. Meň pikirimçe, eger ol adamda liderlik ukyby bar bolsa, o ýagdaýdan, o gysbylykdan çykmak üçin hökman ýol tapar.

–Ýagny, hakyky lider “özüniň amatly çägini” döwen kişidir , şeýlemi?

–Men Coca–Cola işgär alanymda hem şol tarapyna seredýän. Bombeýde–de, Munihde–de… rahat ýaşap bilýän, örän medeniýetli, uýgunlaşmaga ökde bolan ynsanlara.

Bu ynsanyň çagaka we ýaşlygynda birnäçe medeniýetleriň özara sazlaşykly

bolmagyndan emele gelen bir aýratynlyk. Mysal alalyň, adam hiç wagt Tehasyň

Lubbok obasyndan çykmadyk bolsa, migrasiýa pasporty almadyk bolsa, 60

ýaşynda gidibem Orta Gündogar ýurtlaryna ýerleşäýse, elbetde başarmajagy köre mälim.

Angliýada uniwersitet tamamlandy, soňra ikinji netijä gelmeli wagty ýetdi. Özüňiz netijä geldiňizmi, ýa täze teklip aldyňyzmy?

–Ýok, hiç hili teklip edilmedi. Uçurym boldum, şol wagtlar bir ýegenimem

Angliýada okaýardy, olam tamamlady. Iki ýegen bolup amatly ýerden petek alyp,

Amerikany gezeli diýdik. Özümize gutardyş sowgady hökmünde Laker Airwaýs

diýen örän arzan howaýollary agentliginden petegimizi aldyk.

22 ýaşymyzdadyk. Syýahat üçin wize aljak bolup Amerikan ilçihanasyna türk pasportymy berdim, olaram “saňa wize beremzok” diýdiler. “Näme üçin?” diýsem, “Sebäbi sen Amerikada doglupsyň, ýurda amerikan pasportyň bilen girmeli. Al, saňa amerikan pasporty” diýdiler.

–Beh, ynanar ýaly däl. Şeýdip amerikan pasportynam aldyňyzmy?

                                                              (dowamy bar)

 

Ýene-de okaň

Psihologiýa we kämil bilim

Ata Watan Eserleri

Himiýa senagatynyň milli ykdysaydýetdäki orny uludyr

Ankara uniwersitetinde Magtymgulyny öwreniş sapagy

Bilimli nesil – Watanyň daýanjy

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynda dilleriň goşandy

Ýapon diliniň ähmiýeti